News

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
12 Feb
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

2016-njy ýylyň 10-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda öz diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Fazil Saýfini kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we ilçi birnäçe esasy ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyp, iki ýurduň däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. 

Milli Liderimiz soňky ýyllarda ýüze çykan häzirki zaman döwletara gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini kanagatlanma bilen belläp, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerinde, doganlyk türkmen we owgan halklarynyň öňden gelýän dostluk gatnaşyklarynyň binýadynda ýola goýulýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin ilçä minnetdarlyk bildirdi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň ilçisi hoşlaşmak bilen, işlän ýyllarynyň içinde Türkmenistanda diplomatik wekilhananyň baştutany hökmünde onuň işleriniň üstünlikli bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam edip, beren goldawy we kömegi üçin  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de tutuş türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.