News

 Türkmenistanyň Prezidenti Gagauziýanyň baştutanyny kabul etdi
24 Mar
Türkmenistanyň Prezidenti Gagauziýanyň baştutanyny kabul etdi

2016-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Gagauziýa awtonom çäkli düzümiň (Moldowa Respublikasy) baştutany hanym Irina Wlahy kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz we Irina Wlah türkmen hem-de gagauz halklarynyň  ýakynlygynyň ruhy we taryhy umumylygyny, olaryň köpasyrlyk däp-dessurlara ygrarlylygyny we sarpa goýýandygyny nygtap, taraplaryň  däbe öwrülen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Gagauziýa özbaşdak çägiň wekilleriniň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzasy bolup durýandygy hem-de Türkmenistana yzygiderli gelip-gidýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan durmuş-ykdysady reformalarynyň  hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň  ägirt uly özgertmeleriniň şaýatlary bolýarlar. 

Umumy pikire görä, 2013-nji ýylyň iýulynda  Türkmenistanyň Prezidentiniň Moldowa Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary däbe öwrülen gatnaşyklary berkitmäge hyzmat etdi. Onuň jemleri boýunça möhüm ikitaraplaýyn ylalaşyklar, şol sanda Gagauziýanyň halky bilen gatnaşyklary giňeltmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  we Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom çäkli düzümiň baştutany Irina Wlah işewür, netijeli ýagdaýda geçirilen şu günki gepleşikleriň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ygtybarly  binýada öwrüljekdigine ynam bildirdiler.