News

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22 May
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş ykdysady özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, döwletiň kanunçylyk esaslarynyň berkidilmegine hukuk taýdan goldaw bermek boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýar.

Häzir Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 22-nji maýda geçiriljek on dördünji maslahatyna taýýarlyk görülýär. Maslahatda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakynda, “Bilim hakynda” rejelenen görnüşdäki we başga-da birnäçe kanunlary ara alyp maslahatlaşmak, Milli Geňeşiň döredilmegi bilen baglanyşykly we syýasy, ykdysady, durmuş ugurly meseleleri kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek, ýurdumyzda konstitusion özgertmeleri geçirmek bilen bagly Mejlisiň birnäçe kararlarynyň taslamalaryna garamak göz öňünde tutulýar.

“Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: döwletlilik, kanunçylyk we adalatlylyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Mejlisiň wekilleri Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy, daşky gurşawy we ekologiýany goramak, milli mirasy saklamak, ösüp barýan ýaş nesle terbiýe bermek, arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek meseleleri boýunça wagyz-nesihat çärelerine işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň durmuş ugruny nazarlaýan milli kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew, öz gezeginde, Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk we bu ugurda geçirilýän wagyz-nesihat işleri barada maglumat berdi.

Şu günler Halk Maslahatynyň komitetleriniň agzalary Mejlisiň milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirýän işleri bilen tanyşýarlar hem-de degişli seljerme işlerini geçirýärler. Şeýle hem Mejlisiň deputatlary bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine girizmek üçin teklip edilýän taslamalary ara alyp maslahatlaşýarlar.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan taryhy özgertmeleri, kabul edilýän kanunçylyk namalaryny, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän işleri giňden wagyz etmek maksady bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary maslahatlara, duşuşyklary we mowzuklaýyn çärelere işjeň gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatyny durmuşa geçirmegiň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň çäklerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň komitetleriniň alyp barýan işleriniň ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp taýýarlanylan resminamada ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de häkimlikleriň degişli hasabatlaryny we maglumatlaryny bermegiň tertibi we onuň möhletleri kesgitlenildi. Ýurdumyzyň anyk mümkinçilikler we maglumatlar esasynda düzüljek baş maliýe meýilnamasy bilen bilelikde, durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy taýýarlananda, ähli pudaklar boýunça degişli seljerme işleriniň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Resminama ýurdumyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, hususy pudagyň höweslendirilmegine, maýa goýum mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, durmuş düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin, milli pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda taýýarlanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we kesgitlenen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda wise-premýer degişli maksatnama laýyklykda, intellektual eýeçiligi goramagyň ulgamyny, ugurdaş döwlet edaralarynyň işini täzeçil usulda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, intellektual eýeçiligiň desgalaryny goramak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan birnäçe düzümler bilen bilelikde, onuň Düzgünnamasy taýýarlanyldy we esasy wezipeleri hem-de amala aşyrmaly işleri, düzgün bozulmalarynyň öňüni almak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak wezipesi kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, intellektual eýeçiligiň desgalarynyň goralmagyna gönükdirilen işleriň esasynda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Bu pudagyň ösdürilmegi Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagynyň we bu ugurda döwlet syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň 28-nji maýda geçiriljek mejlisiniň ähmiýeti barada aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň içerki ösüşiň wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekligi halkara işlere gatnaşmak bilen utgaşdyrýandygyny hem-de GDA döwletleri bilen hyzmatdaşlygy daşary syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýandygyny belledi, şunuň bilen baglylykda, wise-premýer G.Müşşikowa birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Nebitiň we gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, hususan-da, täze ýataklary senagat taýdan çalt depginlerde özleşdirmegiň we ulanylýan guýulary burawlamagyň hasabyna ýokarlandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan işler barada-da habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Türkmengaz” döwlet konserniniň dürli görnüşli turba önümlerini satyn almagy hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, satyn alynjak turba önümleriniň täze önümçilik desgalarynda, şol sanda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň daşarky gaz eltiji geçirijisiniň gurluşygynda ulanmagyň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gazhimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny güýçlendirmegiň, tebigy gazyň gaýtadan işlenilişiniň hem-de öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmagyň häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň taslamasy hakynda hasabat berdi.

2013 — 2020-nji ýyllar üçin kabul edilen Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda bag nahallarynyň ekilýän görnüşleri we meýdanlary artdyryldy. Şeýle hem tokaý zolaklaryny giňeltmek, tebigy baýlyklary goramak we ekologiýa babatda bar bolan kanunçylyk namalary kämilleşdirildi. Bu ugurda sebit we halkara derejedäki özara peýdaly hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Ýurdumyzyň tebigy we howa aýratynlyklaryny nazara alyp hem-de tokaý zolaklarynyň meýdanlaryny mundan beýläk-de giňeltmek, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak maksady bilen, döwletimiziň ekologiýa syýasaty üstünlikli dowam etdirilýär hem-de Türkmenistanyň tassyklan halkara ekologiýa maksatnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy.

Bu resminama saýaly, pürli, miweli bag nahallarynyň, üzümleriň hem-de çöl ösümlikleriniň ekilmegi boýunça ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýörite meýilnamanyň taýýarlanylmagyny esasy ugur edinýär.

Diýarymyzyň tebigy ekoulgamynyň aýratynlyklary we toprak-howa şertleri nazara alnyp, maksatnamada, Türkmenistanyň Tokaý kodeksine laýyklykda, tokaý hojalyklarynda, döwlet tebigy goraghanalarynda ösdürilip ýetişdiriljek bag nahallarynyň görnüşleri, ýurdumyzda tokaýçylygy ösdürmek boýunça geçiriljek ylmy-barlag işleriniň, guramaçylyk çäreleriniň ugurlary, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamagyň meýilnamasy kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly çemeleşmegiň, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin saklamagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Gök zolaklary döretmek ýörelgesi ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol öňdebaryjy tejribelere, täzeçil tehnologiýalara we köpasyrlyk milli däplere daýanýar.

Diýarymyzda ekologiýa meselesine möhüm üns berilýär. Häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň netijeli çözgüdini işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýän ýurdumyz tebigaty goramak, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Bu gün Türkmenistanda giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olar ykdysadyýetimiziň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyny şertlendirýär. Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilmegi, Milli tokaý maksatnamasy ýaly ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde adam eli bilen emele getirilýän tokaýlaryň tutan meýdanlary has-da giňeldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleri toplumlaýyn we ylmy esasda çemeleşmeler arkaly işjeň dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda Milli Geňeşiň Mejlisi we Halk Maslahaty bilen bilelikde degişli işleri alyp barmak barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 24-25-nji maýynda geçiriljek “Ak şäherim Aşgabat” atly XX köpugurly halkara sergä we şanly senäniň hormatyna guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäher häkimliginiň we Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda her ýylda geçirilýän sergä ýurdumyzdan we daşary döwletlerden köp sanly wekiller gatnaşar.

Halkara serginiň baş maksady ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň hem-de düzümleriniň ýeten derejesi, gazanýan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakdan, şäheriň senagat, medeni we bilim mümkinçiliklerini, ägirt uly durmuş-ykdysady kuwwatyny, geljekki ugurlaryny görkezmekden ybaratdyr.

Şeýle hem wise-premýer serginiň çäklerinde dizaýnerleriň arasynda bäsleşik geçirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde paýtagtymyzyň sazlaşykly ösýän we gözelligi, amatlylygy özünde jemleýän, binagärlik, inženerçilik-tehniki çözgütler boýunça belent derejelere ýeten hem-de milli binagärligiň gadymdan gelýän däplerini saklaýan şäher hökmünde öz ornuny pugtalandyrýandygyny belledi.

Sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň baş şäheri köp sanly önümçilik, medeni-durmuş maksatly täze desgalaryň, ylym-bilim merkezleriniň, sport toplumlarynyň, amatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy bilen öz çäklerini giňeltdi. Ak mermerli Aşgabadyň özboluşly binagärlik keşbini düzýän köp sanly desgalar Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Döwlet Baştutanymyz däp bolan halkara serginiň ähmiýeti barada aýdyp, onuň paýtagtymyzy dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleri açyp görkezýändigini belledi hem-de ýylda geçirilýän bu serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow “Hyundai All New Super Aero Сity” kysymly täze şäher awtobuslaryny we “Toyota Сorolla” kysymly ýeňil taksileri ulanyşa goýbermek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan “Hyundai All New Super Aero Сity” kysymly şäheriçi awtobuslaryň, şeýle hem onuň ätiýaçlyk şaýlarynyňdyr sarp ediş serişdeleriniň satyn alnandygyny we olaryň paýtagtymyza getirilendigini habar berdi.

Mundan başga-da, “Toyota Сorolla” kysymly ýeňil taksiler ýurdumyza getirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sazlaşykly ösýän paýtagtymyzyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak babatda şäher hojalygynyň ähli düzümleriniň bökdençsiz hereketiniň we adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleriň döredilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Aşgabadyň 140 ýyllygynyň hormatyna paýtagtymyzda täze, ýokary amatlylygy bolan “Hyundai All New Super Aero Сity” kysymly awtobuslaryň hem-de “Toyota Сorolla” kysymly ýeňil taksileriň hereket edip başlamagy paýtagtymyzyň ilaty üçin baýramçylyk sowgadyna öwrüler diýip, milli Liderimiz belledi.

Täze ýolagçy ulaglarynyň ekologiýa babatda dünýä belli bolmagy we halkara ülňülere doly laýyk gelmegi daşary ýurtlardan satyn alynýan ähli tehnikalara we beýleki enjamlara bildirilýän möhüm talap bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagynyň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, ilata edilýän hyzmatlaryň ýokary derejesini ýola goýmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň söwda toplumynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň aýdyşy ýaly, degişli iş meýilnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy, oňa laýyklykda, sergini we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisini geçirmek, halyçylary sylaglamak, bäsleşigiň jemini jemlemek we medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak göz öňünde tutulýar diýip habar berdi.

Mundan başga-da, Bäherdeniň çeper halyçylyk kärhanasynyň täze dolandyryş we önümçilik binalarynyň açylyş dabarasyny guramak meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Diýarymyzda halyçylaryň hünär baýramynyň bellenilýändigini aýtdy. Ajaýyp halylary dokaýan çeper elli halyçylarymyz bütin dünýäniň ykrarnamasyna eýe bolan nepis sungaty döredýärler. Ussatlygy, inçe zehini talap edýän we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu çylşyrymly hem-de örän hormatly hünäriň inçe syrlary nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Özüniň kämilligi bilen haýran galdyrýan türkmen el halylarynyň bu gün dünýädäki şöhraty belende galýar. Milli Liderimiz türkmen el halylarynyň gözelligiň ajaýyp nusgasydygyny belledi we meýilleşdirilen ähli çäreleri guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pudagy mundan beýläk-de ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köp asyrlyk milli halyçylyk däplerini mynasyp dowam edýän halyçylaryň netijeli zähmet çekmegi üçin oňyn şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 25-nji maýda paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň gününiň hormatyna geçiriljek medeni çäreler, şeýle hem “Bagtyýar çagalyk” ady bilen geçirilýän halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şanly senä bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda 140 sany iki gatly, ýokary amatlylygy bolan täze kottej jaýlarynyň açylmagy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk işleri batly depginde alnyp barylýar.

Açylyş dabaralarynda türkmen halkynyň baýramçylyk däp-dessurlary, Aşgabadyň taryhyndan taýýarlanan görnüşler öz beýanyny tapar.

Şeýle hem 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni we okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli medeni çäreler, konsertler, sahnalaşdyrylan çykyşlar, sergiler we beýleki çäreler guralar. Baýramçylyk çäreleri welaýatlarda hem geçiriler.

Wise-premýer “Bagtyýar çagalyk” ady bilen geçirilen çagalar suratlarynyň halkara bäsleşigiň jemlerini jemlemek barada aýdyp, Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýurdumyzdan we daşary döwletleriň 15-sinden körpe suratkeşleriň 1700-den gowrak işiniň kabul edilendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak baýramçylyk dabaralarynyň eziz Diýarymyzyň taryhy ýyl ýazgysynda möhüm orun eýelejekdigine hem-de ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekip, paýtagtymyzyň 140 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň güni we “Soňky jaň” dabaralary mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Bu dabaralar halkymyzyň ruhubelentligini, ak mermerli paýtagtymyza bolan ählumumy söýgini we şäheriň häzirki döwürde ýeten derejesini beýan etmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasyny hödürledi. Maksatnamanyň taslamasy hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp hem-de adamlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ilatymyzyň saglygyny goramak babatda düşünjelerini artdyrmak hem-de her bir adamda öz saglygyny gorap saklamak we berkitmek üçin şahsy jogapkärçiligi ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanyldy.

Halkyň saglygyny gorap saklamak, ýurduň durnukly ykdysady ösüşiniň esaslaryny döretmek, ilatyň ýokary durmuş derejesini gazanmak, milletiň genofonduny pugtalandyrmak we ösdürmek, döwletiň içeri syýasatynyň esasy wezipesi hökmünde ilatyň sagdyn, işjeň hem-de döredijilik durmuşyny kepillendirmek, lukmanlaryň immunologiýa baradaky bilimlerini has-da ösdürmek, immun ulgamynyň işleýiş ýagdaýyna baha bermegiň esasy ölçegleri baradaky bilimleri girizmek we beýleki kadalar Milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri bolup durýar.

Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagy netijesinde, keselleriň öňüni almak, anyklamak hem-de bejermek boýunça innowasion tehnologiýalara esaslanýan çäreler durmuşa geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň immun derejesini ýokarlandyrmagyň, keselleriň öňüni almagyň, irki anyklaýyş hem-de öz wagtynda bejeriş işleriniň bütin dünýä üçin ýeňil bolmadyk häzirki wagtda milli saglygy goraýşyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky, wajyp wezipeleriň biridigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly iberdi hem-de wise-premýere bu resminamany durmuşa geçirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow milli Liderimiziň degişli Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyz dünýäniň köp döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Bilelikdäki hökümetara toparlaryň we beýleki düzümleriň, şeýle hem Işewürler geňeşleriniň alyp barýan işleri ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirildi.

Şu maksatnamadan ugur alnyp, häzirki döwürde milli ykdysadyýetimize, şol sanda onuň hususy pudagyna maýa goýum serişdeleriniň akymyny artdyrmak, daşary söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 12-nji fewralyndaky Karary bilen, «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Daşary söwda strategiýasy» tassyklanyldy. Onda ýurdumyza daşary ýurt maýasyny çekmek, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmak, bu ugurdaky kanunçylygy dünýäniň öňdebaryjy tejribesine, Bütindünýä söwda guramasynyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça anyk wezipeler kesgitlendi.

Milli Liderimiziň maksatnamalaýyn we strategik başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýokarda agzalan resminamalarda kesgitlenen uzak möhletleýin wezipeleri çözmek ugrunda ýörite işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan “Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň dünýäniň köp sanly ýurtlary, iri daşary ýurt kompaniýalary, abraýly halkara maliýe we bank düzümleri bilen özara peýdaly ykdysady gatnaşyklary ösdürýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen maksatnamalary hem-de baş ugurlary yzygiderli durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtady.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini, şol sanda dürli pudaklarda geljegi uly bilelikdäki taslamalara çykmak boýunça şertleri doly derejede amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde emele gelen makroykdysady ýagdaýy nazara alyp, bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri mundan beýläk-de dowam etmek babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi we Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligini ýokarlandyrmak, onuň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça mundan beýläk-de zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamyny döwrebap usulda kämilleşdirmek we hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu ugurda amala aşyrylmaly işleriň meýilnamalaryna laýyklykda, hereket edýän kanunlara hem-de kadalaýyn namalara seljerme geçirilýär we şunuň netijesinde, zerur teklipler işlenilip taýýarlanylýar. Şunuň bilen birlikde, ugurdaş düzümleriň işgärleri üçin ýörite okuwlar guralýar, daşary ýurtlaryň kanunçykaryjylyk ulgamyndaky öňdebaryjy tejribe öwrenilýär, ilatyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, döwrebap usullar, şol sanda sanly ulgam işjeň ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny ygtybarly üpjün etmegi kepillendirmäge, ýurdumyzyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, şonuň ýaly-da, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak arkaly, administratiw, jenaýat, hukuk hem-de hojalyk kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilendigini belledi. Milli Liderimiz bu ulgamda meýilleşdirilen çäreleri durmuşa geçirmegiň hem jenaýatçylyga garşy göreşmegiň we düzgün bozulmalaryň öňüni almagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylara ýuridik kömek bermegiň hem-de hukuk hyzmatlaryny etmek ulgamyny kämilleşdirmegiň ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridigini belläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Hökümetara ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň taslamasy barada aýratyn durlup geçildi. Üç ýyllyk möhlete niýetlenen bu resminamada özara söwdanyň haryt dolanyşygyny giňeltmegi nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklaryň ähli ugurlary gurşalyp alyndy. Senagat, energetika, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar, hyzmatlar ulgamy, maliýe we beýlekiler ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtady. Giň mümkinçiliklere eýe bolan netijeli döwletara hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Milli Liderimiz bilelikdäki Hökümetara toparyň netijeli gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm orny barada aýdyp, yzygiderli işewür duşuşyklaryň ähmiýetini belledi. Şolarda netijeli türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin binýady döretmäge umumy çemeleşmeler işlenip düzülýär. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamany makullap, wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam etmäge gönükdirilen çäreleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakyn günlerde şanly senäniň — ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň bellenip geçiljekdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň çäklerinde, ertir — 22-nji maýda ählihalk ýowaryny geçirmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Milli Liderimiz öz zähmetimiz bilen merjen paýtagtymyzy has-da gözel, arassa görnüşe getirmäge her birimiziň goşandymyzy goşmalydygymyzy belledi. Munuň özi ak mermerli paýtagtymyzyň arassaçylyk, abadançylyk we ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagynda, baýramçylyk mynasybetli guralýan çäreleriň netijeli, ruhubelent häsiýete eýe bolmagynda ähmiýetlidir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ählihalk ýowaryna paýtagtymyzyň hemme ýaşaýjylarynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň işjeň gatnaşmagy ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunyň belende göterilmegini we olara zähmet terbiýesiniň berilmegini şertlendirer.

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlik arzuw etdi.