News

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda iri logistika merkezini gurmagyň barşy bilen tanyşdy
14 Jul
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda iri logistika merkezini gurmagyň barşy bilen tanyşdy



2016-njy ýylyň 13-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň täze Halkara howa menzilinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň howa menzilinde bina edilýän ýük terminalynyň gurluşygy hem-de onyň bunýadynda logistika merkezini gurmagyň barşy bilen gyzyklandy.

Umumy meýdany 17 müň 174 inedördül metre deň bolan ýük terminaly ýylda 200 müň tonna ýüki kabul etmäge we ibermäge niýetlenendir. Onuň çäginde  eksport we import zolaklary, iki sowadyjy jaý, dürli ýükleri saklamak üçin ammarlar bar. Şeýle hem bu ýerde Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmenpoçta” döwlet kompaniýasynyň  paýlaýjy merkezi göz öňünde tutuldy. Poçta merkezi ýükleri kabul etmek we saýhallamak, hyzmat hem-de beýleki tehniki otaglary öz içine alýar. 

Bu ýerde Aşgabadyň Halkara howa menziliniň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük bölüminiň poçta we ýük gatnawlary edaralarynyň, weterinar gullugynyň iş otaglary ýerleşdiriler. 

Import ýükleri bilen bagly amallar geçirilende, howa menzilinde gonan uçar ýük terminalynyň uçar duralgasynda saklanylýar. Ýükleri düşürmek işleri palet arkaly ýerine ýetirlýär hem-de ýerüsti tehnikanyň kömegi bilen konteýner ulaglara ýüklenilýär. Uçardan düşürilen ýükler ýük terminalyna ugradylýar. Operator gelip gowşan ýükleriň çyzgy-koduny barlaýar hem-de maglumatlar elektron merkeze iberilýär. Soňra ýükler paletde ýük terminalyna eltilýär we olaryň aýratynlyklaryna laýyklykda zolakda saklamak üçin bölünýär. 

Döwlet Baştutanymyz täze Halkara howa menzilinde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyň barşynda bu howa menzilinde serhet, gümrük we migrasiýa gulluklarynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belläp, howpsuzlygyň üpjün edilmeginde, öňdebaryjy tehnologiýalary we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýän iň täze usullaryň ornaşdyrylmagynda iň gowy dünýä tejribesini işjeň öwrenmek hem-de ornaşdyrmak babatynda görkezmeleri berdi.