News

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly toparlaryň wekilleri hem-de türkmen bedewiniň baýramçylygyna gatnaşýan hormatly myhmanlar bilen duşuşyklary geçirdi.
25 Apr
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly toparlaryň wekilleri hem-de türkmen bedewiniň baýramçylygyna gatnaşýan hormatly myhmanlar bilen duşuşyklary geçirdi.

2016-njy ýylyň 24-nji aprelinde Halkara atçylyk toplumynda bolmagynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Russiýanyň “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisi Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud hem-de Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç bilen duşuşyklary geçirdi.

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
23 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

2016-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy şeýh Jauan bin Hamad Al-Tanini kabul etdi. Ol Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Duşuşygyň barşynda köp ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň we ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirip, pikir alşyldy.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň       hem-de Katar Döwletiniň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigini belläp, bu ýurduň işe...

MORE
 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi
23 Apr
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi

2016-njy ýylyň 21-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi, oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli şu günlerde köpsanly köpçülikleýin çäreleriň guralýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleleriň we käbir resminamalaryň taslam...

MORE
Aşgabatda Halkara sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat açyldy
22 Apr
Aşgabatda Halkara sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat açyldy

2016-njy ýylyň 20-nji aprelinde Paýtagtymyzda Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan iri möçberli çäreleriň çäklerinde nobatdaky Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de VIII halkara ylmy maslahat açyldy.  “Türkmen atlary” döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen her ýyl bilelikde geçirilýän pudaklaýyn forumlaryň ýokary abraýyny oňa gatnaşyjylaryň düzümi nobatdaky gezek tassyklaýar. Olaryň arasynda dünýäniň atçylyk pudagyna wekilçilik edýän 25 döwletinden öňdebaryjy kompaniýalaryň we şereketleriň 100-den gowragy bar.  Gatnaşyjy ýurtlaryň hatarynda Fransiýa, Germaniýa, Beýik...

MORE
Hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewlerine bagyşlanan täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
22 Apr
Hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewlerine bagyşlanan täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy

2016-njy ýylyň 21-nji aprelinde paýtagtymyzyň häkimliginiň binasynda, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde we Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärler...

MORE
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisi
21 Apr
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisi

2016-njy ýylyň 20-nji aprelinde türkmen bedewiniň ählihalk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisi boldy. Nobatdaky mejlis kaşaň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Mejlise Aziýanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň 20 ýurdunyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda ABŞ, Kanada, Urugwaý, Germaniýa, Fransiýa, Şwesiýa, Niderlandlar, Hytaý, Mongoliýa, Eýran, Russiýa, Özbegistan we beýleki döwletlerden gelen myhmanlar bar.   Mälim bolşy ýaly, bu assosiasiýa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2010-n...

MORE