News

Aşgabatda temmäkä garşy göreşmek boýunça Ýewropa sebit maslahaty geçirilýär
29 Apr
Aşgabatda temmäkä garşy göreşmek boýunça Ýewropa sebit maslahaty geçirilýär

2016-njy ýylyň 28-nji aprelinde “Ýyldyz” myhmanhanasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny ýerine ýetirmegiň meseleleri boýunça Ýewropa sebit maslahaty açyldy. Bu iri maslahat BSGG-niň we onuň edaralarynyň, Konwensiýanyň sekretariatynyň köp sanly bilermenlerini, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça Pudagara utgaşdyryjy toparyň wekillerini ýygnady. Daşary ýurtlardan  ýüzden gowrak maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda BSGG-niň  Ýewropa sebiti...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýaty we paýtagtymyz boýunça iş sapary
29 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýaty we paýtagtymyz boýunça iş sapary

2016-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty we paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy, onuň barşynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şu etrapda ýerleşýän Mebel toplumynyň açylyşyna gatnaşdy, şeýle hem Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjigindäki desgalarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Häzirki döwürde ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmak, ýurdumyzda haryt hem-de azyk bolçulygyny döretmek boýunça wezipeleri  çözme...

MORE
Ýurdumyzda Bedew baýramçylygy mynasybetli geçirilen çäreler
25 Apr
Ýurdumyzda Bedew baýramçylygy mynasybetli geçirilen çäreler

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramçylygy uly dabaralara beslendi. Behişdi bedewlere bagyşlanan çäreler bu ugur boýunça guralan sergileri, maslahatlary, çapyksuwarlaryň bäsleşiklerini, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda täze açyk manežiniň açylyşyny, Halkara ahalteke sport toplumynda guralan çäreleri we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Kärizek” geňeşliginde gurlan döwrebap Aba Annaýew obasynyň açylyş dabaralaryny özünde jemledi. Paýtagtymyzda geçirilen Halkara ahalteke assosiasiýasynyň VI mejlisine, Halkara sergi-ýarmarkasyna he...

MORE
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly toparlaryň wekilleri hem-de türkmen bedewiniň baýramçylygyna gatnaşýan hormatly myhmanlar bilen duşuşyklary geçirdi.
25 Apr
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly toparlaryň wekilleri hem-de türkmen bedewiniň baýramçylygyna gatnaşýan hormatly myhmanlar bilen duşuşyklary geçirdi.

2016-njy ýylyň 24-nji aprelinde Halkara atçylyk toplumynda bolmagynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Russiýanyň “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisi Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud hem-de Belarusuň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç bilen duşuşyklary geçirdi.

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
23 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

2016-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy şeýh Jauan bin Hamad Al-Tanini kabul etdi. Ol Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Duşuşygyň barşynda köp ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň we ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirip, pikir alşyldy.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň       hem-de Katar Döwletiniň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigini belläp, bu ýurduň işe...

MORE
 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi
23 Apr
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi

2016-njy ýylyň 21-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi, oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli şu günlerde köpsanly köpçülikleýin çäreleriň guralýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleleriň we käbir resminamalaryň taslam...

MORE