News

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň işewürleriniň wekilleri bilen duşuşdy
9 Jun
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň işewürleriniň wekilleri bilen duşuşdy

2016-njy ýylyň 8-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz şu ýerde bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalary bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan sergide görkezilýän önümler bilen tanşyp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan önümleriň köp ugurlarynyň önümçiligi boýunça alyp barýan işleriniň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz telekeçil...

MORE
 Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden
3 Jun
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen bäş aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisde, oňa gatnaşyjy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işler hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň we görkezmeleriniň berjaý edilişi barada hasabat berdiler. Türkmenistanyň Döwlet gümr...

MORE
Türkmen türgenleri çempionaty üstünlikli başlaýarlar
28 May
Türkmen türgenleri çempionaty üstünlikli başlaýarlar

2016-njy ýylyň 27-nji maýynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary toplumynda sambo boýunça Aziýanyň çempionaty başlady. Bu ýaryşa 17 ýurtdan 400-e golaý türgen gatnaşýar. Ýaryşyň ilkinji güni Türkmenistanly türgenler 23 medala— dokuz altyn, ýedi kümüş we ýedi bürünç medala mynasyp boldular. Bu netije türgenlerimiziň umumy toparlaýyn hasapda birinji orny ynamly özünde saklamaklaryna ýardam edýär.

MORE
Ozon gatlagynyň goragyna şahsy goşandy üçin türkmen gümrükçileri baýraklar bilen sylaglandy
28 May
Ozon gatlagynyň goragyna şahsy goşandy üçin türkmen gümrükçileri baýraklar bilen sylaglandy

Aşgabat şäherinde Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ozon torunyň her ýylky duşuşygynyň çäklerinde gümrük işgärlerine baýraklary gowşurmak dabarasy geçirildi. Şu ýyl, ulanylmagy gadagan edilen hladagentleriň bikanun söwdasyny ýüze çykarmakda goşan şahsy goşantlary üçin Ispaniýadan, Bosniýa we Gersegowinadan, Horwatiýadan, Türkiýeden, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Belarusiýadan, Gyrgyzystandan, Gruziýadan gümrük ulgamynyň işgärleri, şeýle hem Türkmenistandan üç sany gümrük işgäri baýraklar bilen sylaglandy. Olar Lebap welaýat gümrükhanasynyň “Türkmenabat” g...

MORE
  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
28 May
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary

2016-njy ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üç günlük iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady we şol gün Serdar şäherinde gurlan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.  Döwlet Baştutanymyzyň iş saparynyň hut şu ýerden başlanmagynyň çuňňur manysy bardyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary çagalaryň öz zehinlerini hem-de ukyplaryny ösdürmegi, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin alyp barýan işleriniň rowaç bolmagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.  26-njy maýda iş saparyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz...

MORE
 Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinden
25 May
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinden

2016-njy ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna--harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, mundan beýläk-de dürli düzgün bozmalara garşy bilelikde barlyşyksyz göreş alyp barmagy, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, döwlet bähbitleriniň goragynda durup, halkymyzyň agzybirligine we...

MORE