News

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri Halkara howa menzilini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy
18 Sen
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri Halkara howa menzilini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de daşary ýurtlardan gelen köpsanly hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň esasy howa derwezesiniň – türkmen paýtagtynyň täze Halkara howa menziliniň açylmagy mynasybetli uly dabara boldy. Bu waka Türkmenistany yklymyň iri ulag-logistik merkezine, Ýewropany we Aziýany baglanyşdyrýan möhüm halka öwürmek boýunça milli Liderimiziň ägirt uly pikirini durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu öz nobatynda ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de netij...

MORE
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinden
16 Sen
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinden

2016-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda 14-nji sentýabrda geçirilen Ýaşulular maslahatynyň netijeleri jemlendi, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.     Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary degişli düzümlerde geçirilýän işler barada hasabat berdiler.  Türkmenistanyň Prezidenti, ý...

MORE
 Milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatyny geçirdi, onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi
15 Sen
Milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatyny geçirdi, onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi

2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Aşgabatda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde döwletimiziň we jemgyýetimiziň taryhyna täze sahypany ýazan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçirildi.  Eziz Watanymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen umumymilli maslahatyň gün tertibine geçen döwrüň içinde gazanylan netijeleri jemlemek, düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan hem-de bu ýolda ägirt uly üstünlikleri gazanan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerini ara aly...

MORE
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
24 Aug
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

2016-njy ýylyň 23-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Oktawino Alimudinden ynanç hatyny kabul etdi. Diplomat Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlaryň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Şeýle hem diplomata türkmen Lideriniň başyny başlan...

MORE
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden
24 Aug
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barylýan işleriň netijelerine garaldy. Mejlisde Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ozal berlen görkezmelerini we tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasa...

MORE
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy
19 Aug
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy

2016-njy ýylyň 18-nji awgustynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly baýramçylyga - eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň ýagdaýy hem-de taýýarlyk derejesi bilen tanyşlygyň barşynda gurluşyk işleriniň hiline berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek belledi. Ata  Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, şanly sene mynas...

MORE