News

Umumymilli baýramçylyk mynasybetli dabaralar
3 Apr
Umumymilli baýramçylyk mynasybetli dabaralar

2016-njy ýylyň 3-nji apreli. Ýola goýlan asylly däbe görä, her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde “Suw damjasy—altyn dänesi” ählihalk baýramy giňden we dabaraly bellenilýär. Bu gün ýurdumyz edermen miraplaryň, melioratorlaryň, suw gurluşykçylarynyň hormatyny ýetirýär. Olar möhum wezipäni -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli ulanmak ýaly mukaddes işi ýerine ýetirýärler. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagyny uly üns...

MORE
Türkmenistanda Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny duýdansyz gözden geçirmek çäresi başlandy
27 Mar
Türkmenistanda Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny duýdansyz gözden geçirmek çäresi başlandy

2016-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow gije ýarymdan agan wagtlary wideoşekilli göni aragatnaşyga çykyp, Türkmenistanyň goranmak ministri, ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýewe Ýaragly Güýçlerimiziň we beýleki goşunlaryň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň...

MORE
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
27 Mar
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

2016-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty boldy. Oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary esasynda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň we kadalaşdyryş-hukuk namalarynyň taslamalaryna garamak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bellenilişi ýaly, milli parlament ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny dö...

MORE
 Türkmenistanyň Prezidenti Gagauziýanyň baştutanyny kabul etdi
24 Mar
Türkmenistanyň Prezidenti Gagauziýanyň baştutanyny kabul etdi

2016-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkmenistana gelen Gagauziýa awtonom çäkli düzümiň (Moldowa Respublikasy) baştutany hanym Irina Wlahy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we Irina Wlah türkmen hem-de gagauz halklarynyň  ýakynlygynyň ruhy we taryhy umumylygyny, olaryň köpasyrlyk däp-dessurlara ygrarlylygyny we sarpa goýýandygyny nygtap, taraplaryň  däbe öwrülen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Gagauziýa özbaşdak çägiň wekilleriniň Dünýä tü...

MORE
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy
24 Mar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy

2016-njy ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Çaý – melhem hem ylham” diýen täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Halkara Nowruz gününiň öňýanynda çapdan çykan türkmen halkynyň lezzet alyp içýän bejeriş hasiýetli çaýy baradaky owadan bezelen neşir milli Liderimiziň ähli watandaşlarymyza baýramçylyk sowgady boldy. Dabaranyň başynda Mukamlar köşgüniň eýwanynda sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda çeper işler, amaly-haşam sungatynyň önümleri, çaý baradaky neşir önümleri görkezildi. Türkmenistanda ý...

MORE
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar geçirildi
21 Mar
Türkmenistanda Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar geçirildi

2016-njy ýylyň 21-nji marty. Türkmenistanlylar Milli bahar baýramyny hem-de Halkara Nowruz gününi ajaýyp şadyýan dabaralar bilen garşyladylar. Milli öwüşginli folklor – etnografik çykyşlar gadymy däpleriň äheňindäki sahnalaşdyrmalar, bize asyrlaryň jümmüşinden gelip ýeten milli lybaslar, aýdym-sazlar we tanslar tebigatyň ýazky oýanyşynyň hem-de janlanmasynyň hormatyna bu gadymy baýramçylygyň çuňňur özboluşlylygyny ýüze çykardy. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda bellenilýän Nowruz ajaýyp däpleriň, milli medeniýetiň nesilden-nesle geçijiligini şöhlelendirip, öz ähli durkun...

MORE