News

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
22 Jul
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ähmet Çalygy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman dürli pudaklarda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we  geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilişi, şol...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen baştutanyny kabul etdi
21 Jul
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen baştutanyny kabul etdi

2016-njy ýylyň 20-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen baştutany hanym Natalýa Drozdy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk hyzmatdaşlyk guramasynyň arasynda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman soňky ýyllarda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalaryň netijeli häsiýete eýedigine ýokary baha berdiler. Sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de howpsuzly...

MORE
Aşgabatda “Saglyk -- 2016” atly Halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady
21 Jul
Aşgabatda “Saglyk -- 2016” atly Halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady

2016-njy ýylyň 20-nji iýunynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän “Saglyk -- 2016” atly Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Her ýyl geçirilýän bu forum iň iri we abraýly çäreleriň biri bolup, lukmançylyk ylmynyň hem-de ony iş ýüzünde peýdalanmakda häzirki zaman gazanylanlary äşgär etmäge hem-de ornaşdyrmaga ýardam berýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny innowasiýa ýoly bilen ösdürmekde gazanan üstünliklerine  halkymyzyň saglygyny hem-de durmuş dereje...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Galla baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
18 Jul
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Galla baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

2016-njy ýylyň 17-nji iýulynda ýurdumyzda ählihalk dabarasy bolan we türkmen gallaçylarynyň zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň sahawatyny alamatlandyrýan Galla baýramy giňden bellenildi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň dabaralandyrylýan ýylynda ýurdumyzyň gallaçylary Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar.     Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde Galla baýramy mynasybetli hasyl ussatlaryny hormatlamak dabaralary, medeni- köpçülikleýin we sport çäre...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda iri logistika merkezini gurmagyň barşy bilen tanyşdy
14 Jul
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda iri logistika merkezini gurmagyň barşy bilen tanyşdy

2016-njy ýylyň 13-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň täze Halkara howa menzilinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň howa menzilinde bina edilýän ýük terminalynyň gurluşygy hem-de onyň bunýadynda logistika merkezini gurmagyň barşy bilen gyzyklandy. Umumy meýdany 17 müň 174 inedördül metre deň bolan ýük terminaly ýylda 200 müň tonna ýüki kabul etmäge we ibermäge niýetlenendir. Onuň çäginde  eksport we import zolaklary, iki sowadyjy jaý, dürli ýükleri saklamak üçin ammarlar bar. Şeý...

MORE
Türkmenistanda Rim Papasynyň Doly ygtyýarly wekili işe başlady
14 Jul
Türkmenistanda Rim Papasynyň Doly ygtyýarly wekili işe başlady

2016-njy ýylyň 13-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Rim Papasynyň Türkmenistandaky Doly ygtyýarly wekili, Watikanyň nunsiýasynyň Apostoly jenap Paul Fitspatrik Rasselden ynanyç hatyny kabul etdi. Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ýöredýän durmuş ugurly syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwer gymmatlyklar döwletiň demokratik sütünlerini berkitmäge, jemgyýetde ata-babalarymyzyň wesýet eden ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, umuman, adamyň abadançylygyny goramaga gönükdirilendir. Ş...

MORE