News

Türkmenistanyň Prezidenti konstitusion toparyň mejlisini geçirdi
3 Feb
Türkmenistanyň Prezidenti konstitusion toparyň mejlisini geçirdi

2016-njy ýylyň 2-nji fewralynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky konstitusion toparyň mejlisi geçirildi.  Mejlisi açyp we onuň gün tertibini yglan edip, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmegiň örän möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şu wezipeden ugur alyp, biz Esasy Kanunymyzy dünýä ölçeglerine we döwrüň talaplaryna laýyk getirmek üçin 2014-nji ýylda konstitusion özgertmeleri geçirip...

MORE
Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň mejlisinden
1 Feb
Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň mejlisinden

30-njy ýanwarda paýtagtymyzda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşykda bellenilişi ýaly, deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk we milli hem-de umumy bähbitler esasynda ýola goýulýan gatnaşyklara daýanýan daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, garaşsyz bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we ylalaşygyň berkidilmeginiň, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň bähbidine Hazarýaka döwletleriniň neitijeli gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny ugur edinýär.  Biziň ýur...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
29 Jan
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi. Hazar sebiti boýunça goňşy bolmak bilen, iki ýurt hem Hazar deňziniň meselesiniň has oňyn çözgüdini tapmakda strategik hyzmatdaşlar bolup durýar. Şu günler Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparyň nobatdaky, 43-nji mejlisiniň geçirilýändigi munuň aýdyň subutn...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary hünär baýramçylygy bilen gutlady
28 Jan
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary hünär baýramçylygy bilen gutlady

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllygyna hem-de Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Dabara gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk arkaly şanly sene bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öz Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni—ata Watanymyzy goramagy ynanandygyny nygtady.  Şoňa görä-de, siz hemişe harby borjuňyz...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
27 Jan
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde bellenilen Seýed Mohammad Ahmadini kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada  gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman häzirki döwürde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara peýdaly, deňhukukly we hoşniýetli erk esasynda ýola goýulýan giň möçberli gatnaşyklaryň mundan...

MORE
Ministrler Kabinetiniň mejlisinden
23 Jan
Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mesjlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi.  Wise-premýer ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň işini kämilleşdirmek, bu ugurda durmuşa geçirilý...

MORE