News

Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri açyldy
3 Feb
Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri açyldy

2016-njy ýylyň 2-nji fewralynda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açyldy. Oňa gatnaşmak üçin EYR-nyň Medeniýet we yslam aragatnaşyklary boýunça guramasynyň başlygy Abuzar Ebrahimi Torkamanyň ýolbaşçylygynda uly döredijilik wekiliýeti Aşgabada geldi. Bu uly çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan EYR-nyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi bilen bilelikde guraldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň başlangyjy bilen Medeniýet günleriniň her ýylda geçi...

MORE
Awstriýa Respublikasynyň wekiliýetiniň sapary
3 Feb
Awstriýa Respublikasynyň wekiliýetiniň sapary

2016-njy ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde Awstriýa Respublikasynyň Milli Geňeşiniň ikinji prezidenti jenap Karlhaýns Kopfyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamalaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmekde möhüm orun berilýän milli parlamentiň işleriniň wajyp ugurlary duşuşygyň mowzuklaryn...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti konstitusion toparyň mejlisini geçirdi
3 Feb
Türkmenistanyň Prezidenti konstitusion toparyň mejlisini geçirdi

2016-njy ýylyň 2-nji fewralynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek baradaky konstitusion toparyň mejlisi geçirildi.  Mejlisi açyp we onuň gün tertibini yglan edip, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmegiň örän möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şu wezipeden ugur alyp, biz Esasy Kanunymyzy dünýä ölçeglerine we döwrüň talaplaryna laýyk getirmek üçin 2014-nji ýylda konstitusion özgertmeleri geçirip...

MORE
Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň mejlisinden
1 Feb
Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň mejlisinden

30-njy ýanwarda paýtagtymyzda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşykda bellenilişi ýaly, deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk we milli hem-de umumy bähbitler esasynda ýola goýulýan gatnaşyklara daýanýan daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, garaşsyz bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we ylalaşygyň berkidilmeginiň, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň bähbidine Hazarýaka döwletleriniň neitijeli gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny ugur edinýär.  Biziň ýur...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
29 Jan
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi

28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi. Hazar sebiti boýunça goňşy bolmak bilen, iki ýurt hem Hazar deňziniň meselesiniň has oňyn çözgüdini tapmakda strategik hyzmatdaşlar bolup durýar. Şu günler Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparyň nobatdaky, 43-nji mejlisiniň geçirilýändigi munuň aýdyň subutn...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary hünär baýramçylygy bilen gutlady
28 Jan
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary hünär baýramçylygy bilen gutlady

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllygyna hem-de Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Dabara gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk arkaly şanly sene bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öz Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni—ata Watanymyzy goramagy ynanandygyny nygtady.  Şoňa görä-de, siz hemişe harby borjuňyz...

MORE