News
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapary tamamlandy
2016-njy ýylyň 3-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparynyň çäklerinde Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy hem-de Medine şäherine baryp gördi. Saud Arabystany Patyşasynyň “Al Ýamama” Köşgünde geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklere özara gyzyklanma bildirilip, birek-birege ynanyşmak hem-de işjeň häsiýete eýe boldy. Netijeli gepleşikler hökümetara hem-de pudagara derejelerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek bilen tamamlandy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Saud Arabystanynyň “Er-Riýad” gündelik ne...
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden
2016-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary edilen işler barada hasabat berdiler. Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew degiş...
Er-Riýadda ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi
2016-njy ýylyň 1-nji maýynda günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapar bilen ugrady. Er-Riýadda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň Patyşasy dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýakyn geljek üçin ikitaraplaýyn özara hereketleriň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary gepleşikleriň esasy meselesi boldy. Gepleşikleriň çäklerinde türkmen-saud hyzmatdaşlygyn...
Aşgabatda temmäkä garşy göreşmek boýunça Ýewropa sebit maslahaty geçirilýär
2016-njy ýylyň 28-nji aprelinde “Ýyldyz” myhmanhanasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny ýerine ýetirmegiň meseleleri boýunça Ýewropa sebit maslahaty açyldy. Bu iri maslahat BSGG-niň we onuň edaralarynyň, Konwensiýanyň sekretariatynyň köp sanly bilermenlerini, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça Pudagara utgaşdyryjy toparyň wekillerini ýygnady. Daşary ýurtlardan ýüzden gowrak maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda BSGG-niň Ýewropa sebiti...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýaty we paýtagtymyz boýunça iş sapary
2016-njy ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty we paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy, onuň barşynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şu etrapda ýerleşýän Mebel toplumynyň açylyşyna gatnaşdy, şeýle hem Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjigindäki desgalarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Häzirki döwürde ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmak, ýurdumyzda haryt hem-de azyk bolçulygyny döretmek boýunça wezipeleri çözme...
Ýurdumyzda Bedew baýramçylygy mynasybetli geçirilen çäreler
Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramçylygy uly dabaralara beslendi. Behişdi bedewlere bagyşlanan çäreler bu ugur boýunça guralan sergileri, maslahatlary, çapyksuwarlaryň bäsleşiklerini, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda täze açyk manežiniň açylyşyny, Halkara ahalteke sport toplumynda guralan çäreleri we Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Kärizek” geňeşliginde gurlan döwrebap Aba Annaýew obasynyň açylyş dabaralaryny özünde jemledi. Paýtagtymyzda geçirilen Halkara ahalteke assosiasiýasynyň VI mejlisine, Halkara sergi-ýarmarkasyna he...