News

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy
25 Dec
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy

2016-njy ýylyň 24-nji dekabry. Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisinde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige Türkmenistanyň häzirki Prezidenti - Gurbanguly Berdimuhamedow bellige alyndy.     Merkezi saýlaw toparynyň başlygy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgäriň şahadatnamasyny gowşurdy.      Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, saýlaw ulgamyny, şol sanda iň oňat halkara tejribesini has giňden özleşdirmegiň hasabyna yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygy barada aýtdy.      Gadymy a...

MORE
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
25 Dec
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy

2016-njy ýylyň 24-nji dekabry. BAE-niň Prezidenti şeýh Zaýed bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde Täze ýyl baýramçylyk dabarasy guraldy. Baýramçylygyň esasy nyşany—dürli reňkli öwşün atýan oýnawaçlar bilen bezelen owadan arça öz daşynda köşgüň çagalaryny we terbiýeçilerini hem-de çagalar bilen şatlygyny paýlaşmaga gelen köpsanly myhmanlary ýygnady.  Hormatly Prezidentimiziň çagalara iberen ajaýyp sowgatlary hem-de hoş owazly konsert Täze, 2017-nji ýyly garşylamak dabarasyny körpeler üçin ýatdan çykmajak baýramçylyga öwürdi.

MORE
Ýurdumyzyň baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi
24 Dec
Ýurdumyzyň baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi

2016-njy ýylyň 23-nji dekabrynda ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Ol hemmeleriň söýüp garşylaýan, köp garaşdyran we täsinliklere baý bolan Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini alamatlandyrdy.       Täsin täze ýyl çykyşlary geçirilýän, aýdym aýdylyp, goşgy okalýan, bagtyýar çagalaryň gol tutuşyp daşyndan aýlanýan, ýurdumyzyň ähli oba-şäherleriniň baş meýdançalarynda goýlan Täze ýyl arçalarynyň hemmesiniň täsin yşyklary ýalpyldap ýandy.      Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky ilkinji dabara çagalar horunyň, belli estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde Täze ýy...

MORE
Türkmenistan Aziada-2017-ä tarap
22 Dec
Türkmenistan Aziada-2017-ä tarap

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni gatnaşmagynda we ýolbaşçylygynda sportuň we bedenterbiýäniň ösüşine gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu günki gün sport mekdepleridir desgalary diňe bir paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde däl, eýsem her bir etraplarymyzda hem guruldy. Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça syýasaty uzakmöhletleýin umumymilli maksatnamanyň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda...

MORE
Türkmenistanda Bangladeş Halk Respublikasynyň Ilçisi işläp başlady
22 Dec
Türkmenistanda Bangladeş Halk Respublikasynyň Ilçisi işläp başlady

2016-njy ýylyň 20-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Bangladeş Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Majibur Rahman Bhuýandan ynanç hatyny kabul etdi.  Söhbetdeşligiň barşynda ilçä Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça hem-de ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler we iri möçberli taslamalar, şol sanda baş maksady türkmenistanlylaryň, tutuş sebitiň halklarynyň ab...

MORE
Milli ykdysadyýet
21 Dec
Milli ykdysadyýet

Dünýä ykdysadyýetindäki çökgünli ýagdaýa garamazdan, Türkmenistanyň ykdysadyýeti oňyn görkezijilere eýe bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Taryhy jähtden gysga wagtyň dowamynda Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüş babatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Esasan-da, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bazar ykdysad...

MORE