News

Тürkmen kikboksçylarynyň üstünligi
20 Dec
Тürkmen kikboksçylarynyň üstünligi

2016-njy ýylyň 19-njy dekabry. Türkmen kikboksçylary iri halkara ýaryşynda nobatdaky gezek uly üstünlik gazandylar. Bu gezek ildeşlerimiz Estoniýanyň paýtagty Tallinde geçen ýaryşda 14 medal (dokuz altyn, üç kümüş we iki bürünç) gazanmak bilen tapawutlandylar.     “Full-kontakt” görnüşinde (el we aýaklar bilen diňe göwrä urgy geçirmek) 66 kilograma çenli agram derejesinde Şöhrat Hallyýew ýeňiş gazanmagy başardy. Bu baýrak Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talybynyň gazanan ilkinji baýragy däldir. Onuň üstünlikleriniň arasynda 2013-nji ýylda Inçhon şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçen...

MORE
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Demokratik partiýasy tarapyndan ýokary wezipä hödürlendi
16 Dec
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Demokratik partiýasy tarapyndan ýokary wezipä hödürlendi

Möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek işleri barha işjeňleşýär. Häzir milli kanunçylyga laýyklykda, ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek başlandy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edilen Mejlisiň Karary bilen, döwlet Baştutanynyň saýlawlaryny 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirmek bellenildi. Giň bäsdeşlik esasy türkmen jemgyýetinde onuň gadymdan gelýän demokratik däplerini has-da berkitmegiň aýrylmaz şerti hökmünde ýaýbaňlandyrylan möwsümiň baş ýörelgesi bolup durýar.    ...

MORE
 Aşgabat-Kazan: Türkmen uçarmanlarynyň täze ugry
16 Dec
Aşgabat-Kazan: Türkmen uçarmanlarynyň täze ugry

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” howa kärhanasy Aşgabat-Kazan ugry boýunça ilkinji ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirdi. T5-733 belgili ugur bilen Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) paýtagtynyň arasynda yzygiderli howa gatnawy açyldy. Indi Aşgabatdan Wolga derýasynyň boýundaky şähere hepdäniň 3-7 günleri boýunça häzirki zaman howa ulaglarynda uçup bolar.

MORE
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürlendi
16 Dec
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürlendi

2016-njy ýylyň 15-nji dekabrynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezinde Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek meselesine garamagyň barşynda “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezmek baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy.      Ara alyp maslahatlaşmagyň netijeleri boýunça Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew Türkmenistanyň...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
13 Dec
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan milli senenamanyň esasy seneleriniň biri bolan Bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagynyň 21 ýyllygyny giňden belledi. Şöhratly sene mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandy. Türkmen paýtagty dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.     Dabara gatnaşyjylaryň arasynda Mejlisiň Başlygy hem-de deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edar...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
7 Dec
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

2016-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.   Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, döwletara türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Şawkat Mirziýoýewi Özbegist...

MORE