News

 Aşgabat-Kazan: Türkmen uçarmanlarynyň täze ugry
16 Dec
Aşgabat-Kazan: Türkmen uçarmanlarynyň täze ugry

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” howa kärhanasy Aşgabat-Kazan ugry boýunça ilkinji ýolagçy gatnawyny ýerine ýetirdi. T5-733 belgili ugur bilen Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) paýtagtynyň arasynda yzygiderli howa gatnawy açyldy. Indi Aşgabatdan Wolga derýasynyň boýundaky şähere hepdäniň 3-7 günleri boýunça häzirki zaman howa ulaglarynda uçup bolar.

MORE
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürlendi
16 Dec
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürlendi

2016-njy ýylyň 15-nji dekabrynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezinde Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek meselesine garamagyň barşynda “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezmek baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy.      Ara alyp maslahatlaşmagyň netijeleri boýunça Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew Türkmenistanyň...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
13 Dec
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan milli senenamanyň esasy seneleriniň biri bolan Bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagynyň 21 ýyllygyny giňden belledi. Şöhratly sene mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandy. Türkmen paýtagty dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.     Dabara gatnaşyjylaryň arasynda Mejlisiň Başlygy hem-de deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edar...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
7 Dec
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

2016-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.   Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, döwletara türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Şawkat Mirziýoýewi Özbegist...

MORE
 Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi
7 Dec
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi

2016-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasini kabul etdi.   Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň mähirli salamlaryny ýetirdi. Grigoriý Karasiniň belleýşi ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýärler hem-de köp ýyllyk hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýärler.    Hormatl...

MORE
  Türkmenistanda Goňşokara baýramy mynasybetli çäreler geçirildi
5 Dec
Türkmenistanda Goňşokara baýramy mynasybetli çäreler geçirildi

2016-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda däp bolşy ýaly her ýylyň dekabr aýynyň ilkinji ýekşenbesinde bellenilýän Goňşokara baýramy mynasybetli çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guralan dabaralara gatnaşyjylar - il sylagly ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri, ýaşlar baýramçylyga gelen myhmanlary şatlykly hem mähirli garşylap, gadymy türkmen däbine laýyklykda, bir-birege duz-çörek, milli tagamlary, naz-nygmatlary hem-de ir-iýmişleri hödürlediler.       Belli estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, folklor we tans toparlarynyň gatnaşmagynda bolan konsert ähl...

MORE