News

Ulag ulgamy ösüş ýolunda
26 Nov
Ulag ulgamy ösüş ýolunda

Köp ugurly, döwrüň talabyna laýyk gelýän ulag ýollaryny döretmek döwletimiziň üstünlikli ösmeginiň aýrylmaz we möhüm şerti hökmünde häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bilelikde Aşgabatda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahat hem bu möhüm meselä bagyşlanýar. Häzirki wagtda Türkmenistan geljegi uly ähli ugurlar boýunça halkara ulag geçelgelerini döretmegi işjeňleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdy...

MORE
Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahat
25 Nov
Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahat

2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda ilkinji gezek geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça iki günlük ählumumy maslahaty öz işine başlaýar. Şeýle möhüm ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde möhüm ädim boljak bu maslahat BMG-niň durnukly köptaraplaýyn ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge, ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmäge ýardam etmek hakynda Rezolýusiýasyna laýyklykda 26-27-nji noýabry aralygynda türkmen paýtagtynda geçirilýär. 2015-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul e...

MORE
 Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň «Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan)» böleginiň açylyş dabarasy geçirilmegi meýilleşdirilýär
25 Nov
Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň «Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan)» böleginiň açylyş dabarasy geçirilmegi meýilleşdirilýär

Şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň «Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan)» böleginiň açylyş dabarasy geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu giň möçberli taslama Ýewraziýa yklymynda ulag geçelgeleriniň hil taýdan täze kartasynyň döremegine ýardam eder.  Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Bitarap Türkmenistan tarapyndan gurulýan bu ýollar halkara parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we hyzmatdaşlygyň ýollaryna öwrülýär. Halkara ulag-üs...

MORE
Türkmen halky baş milli baýramyny – eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyny belleýär
28 Oct
Türkmen halky baş milli baýramyny – eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyny belleýär

2016-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda tutuş ýurdumyz uly joşgun bilen özüniň baş milli baýramyny—Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyny giňden we dabaraly belleýär.   Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň täze taryhynda ägirt uly işleriň döredijilik kuwwatyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.  Özygtyýarlylygynyň çärýek asyrynyň içinde Türkmenistan ilatynyň ýokary durmuş derejesine, ykdysadyýetde, syýasatda, jemgyýetçilik ösüşinde, ylym we medeniýetde ýokary üstünliklere eýe bolan ýurtlaryň birine öwrüldi. Dünýäde durn...

MORE
 Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk konsertine gatnaşdy
27 Oct
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk konsertine gatnaşdy

2016-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan döwlet konserti geçirildi. Sungat ussatlarynyň guran bu baýramçylyk konsertine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.      Garaşsyzlyk güni özygtyýarly ösüşiň çärýek asyry döwründe ýurdumyzyň geçen şöhratly ýoluny äşgär edýän beýik baýramçylykdyr. Baýramçylyk konsertinde ýaýbaňlandyrylan çykyşlar milli sungatyň häzirki zaman güýjüni, onuň ugurlarynyň köp öwüşginliligini, şeýle hem ussat ýerine ýetirijileriň döredijilik gözleglerini beýan etdi.     ...

MORE
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygyndan
12 Oct
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygyndan

2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy.  Özara ynanyşmak hem-de işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ýakyn we uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy.  Şunda prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow söwda-ykdysady ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezip, bu u...

MORE