News

 Milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatyny geçirdi, onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi
15 Sen
Milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatyny geçirdi, onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi

2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Aşgabatda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde döwletimiziň we jemgyýetimiziň taryhyna täze sahypany ýazan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçirildi.  Eziz Watanymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen umumymilli maslahatyň gün tertibine geçen döwrüň içinde gazanylan netijeleri jemlemek, düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan hem-de bu ýolda ägirt uly üstünlikleri gazanan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerini ara aly...

MORE
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
24 Aug
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

2016-njy ýylyň 23-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Oktawino Alimudinden ynanç hatyny kabul etdi. Diplomat Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlaryň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Şeýle hem diplomata türkmen Lideriniň başyny başlan...

MORE
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden
24 Aug
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barylýan işleriň netijelerine garaldy. Mejlisde Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ozal berlen görkezmelerini we tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasa...

MORE
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy
19 Aug
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy

2016-njy ýylyň 18-nji awgustynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly baýramçylyga - eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň ýagdaýy hem-de taýýarlyk derejesi bilen tanyşlygyň barşynda gurluşyk işleriniň hiline berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek belledi. Ata  Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, şanly sene mynas...

MORE
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynyň täze binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
22 Jul
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamynyň täze binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenildi hem-de bu senä gabatlanyp, saglygy goraýyş ulgamynyň iri binalary ulanmaga berildi. Täze edaralaryň açylyş dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyp, onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli amala aşyryldy. Ulanylmaga berlen binalaryň dördüsiniň hem – Halkara newrologiýa merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň hem-de Aýratyn howply kesell...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
22 Jul
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ähmet Çalygy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman dürli pudaklarda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we  geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilişi, şol...

MORE