News

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministrini kabul etdi
10 Jun
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministrini kabul etdi

2016-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministri Sergeý Şoýguny kabul etdi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyp, dürli ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Russiýa köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde  hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Sebit we ählumumy howpsuzly...

MORE
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň işewürleriniň wekilleri bilen duşuşdy
9 Jun
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň işewürleriniň wekilleri bilen duşuşdy

2016-njy ýylyň 8-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz şu ýerde bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalary bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan sergide görkezilýän önümler bilen tanşyp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan önümleriň köp ugurlarynyň önümçiligi boýunça alyp barýan işleriniň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz telekeçil...

MORE
 Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden
3 Jun
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen bäş aýynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisde, oňa gatnaşyjy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işler hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň we görkezmeleriniň berjaý edilişi barada hasabat berdiler. Türkmenistanyň Döwlet gümr...

MORE
Türkmen türgenleri çempionaty üstünlikli başlaýarlar
28 May
Türkmen türgenleri çempionaty üstünlikli başlaýarlar

2016-njy ýylyň 27-nji maýynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary toplumynda sambo boýunça Aziýanyň çempionaty başlady. Bu ýaryşa 17 ýurtdan 400-e golaý türgen gatnaşýar. Ýaryşyň ilkinji güni Türkmenistanly türgenler 23 medala— dokuz altyn, ýedi kümüş we ýedi bürünç medala mynasyp boldular. Bu netije türgenlerimiziň umumy toparlaýyn hasapda birinji orny ynamly özünde saklamaklaryna ýardam edýär.

MORE
Ozon gatlagynyň goragyna şahsy goşandy üçin türkmen gümrükçileri baýraklar bilen sylaglandy
28 May
Ozon gatlagynyň goragyna şahsy goşandy üçin türkmen gümrükçileri baýraklar bilen sylaglandy

Aşgabat şäherinde Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ozon torunyň her ýylky duşuşygynyň çäklerinde gümrük işgärlerine baýraklary gowşurmak dabarasy geçirildi. Şu ýyl, ulanylmagy gadagan edilen hladagentleriň bikanun söwdasyny ýüze çykarmakda goşan şahsy goşantlary üçin Ispaniýadan, Bosniýa we Gersegowinadan, Horwatiýadan, Türkiýeden, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Belarusiýadan, Gyrgyzystandan, Gruziýadan gümrük ulgamynyň işgärleri, şeýle hem Türkmenistandan üç sany gümrük işgäri baýraklar bilen sylaglandy. Olar Lebap welaýat gümrükhanasynyň “Türkmenabat” g...

MORE
  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
28 May
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary

2016-njy ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üç günlük iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady we şol gün Serdar şäherinde gurlan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.  Döwlet Baştutanymyzyň iş saparynyň hut şu ýerden başlanmagynyň çuňňur manysy bardyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary çagalaryň öz zehinlerini hem-de ukyplaryny ösdürmegi, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin alyp barýan işleriniň rowaç bolmagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.  26-njy maýda iş saparyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz...

MORE