Gümrük habarlary
RSS

29.04.2022

Merkezi Aziýanyň gümrük we serhet edaralarynda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmagyň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy

2022-nji ýylyň 26-28-nji aprelinde Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMKA) gurnamagynda serhetlerde işleýän gulluklarda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmagyň meselesine bagyşlanan sebitleýin okuw maslahaty geçirildi. Gibrid görnüşinde geçirilen bu okuw maslahatyna Türkmenistandan wekiller Aşgabat şäherindäki Arçabil myhmanhanasyndan goşulyşdylar.

28.04.2022

“Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi

2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gurnamagynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

25.04.2022

Eksportyň çägi giňelýär

Ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik we durmuş harytlarynyň bolçulygy döredildi. Netijede Türkmenistanda öndürilen önümleriň içerki we daşarky bazarlaryň isleglerini aňryýany bilen ödeýän sanawy çalt depginlerde giňeýär. Lebaply hususy önüm öndürijileriň dünýä bazaryndaky orny hem barha giňelýär.

23.04.2022

Serhetüsti söwda geçmäge indiki ädimler maslahatlaşyldy

2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri serhetüsti söwda geçmäge indiki ädimleri maslahatlaşmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň kagyzsyz söwda ýardam bermek boýunça milli bilermeni Gündogdy Ewjanow bilen duşuşdylar.

22.04.2022

Töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça sebitleýin okuw maslahaty

2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük we serhet gulluklary üçin bäş günlük sebitleýin okuw maslahaty öz işini tamamlady. Okuw maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdelerine we jenaýat gullugyna (UNODC) sebitleýin edara tarapyndan gurnaldy. Ol Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri okuw maslahatyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

21.04.2022

Söwda boýunça “tegelek stol” maslahaty

2022-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň ýanyndaky Täjirçilik hukugynyň ösüş maksatnamasy (CLDP) tarapyndan wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan “tegelek stol” maslahatynyň işine gatnaşdy.