Habarlar
RSS

05.04.2022

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy.

04.04.2022

Köpasyrlyk türkmen-hindi taryhy-medeni gatnaşyklary baýlaşdyrylýar

Düýn — Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynyň üçünji güni. Düýn paýtagtymyzda döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça ýokary derejedäki gepleşikleri üstünlikli geçirildi.

04.04.2022

Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.

03.04.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi

Düýn paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi.

02.04.2022

Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

Düýn Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.

01.04.2022

Lebap welaýat gümrükhanasynyň “Farap awtoýollary” gümrük nokadynda Port gözegçilik toparynyň açylyşy boldy

2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Neşe neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň hem-de Bütündünýä gümrük guramasynyň bilelikdäki «Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça Ählumumy Maksatnamasynyň» çäklerinde Lebap welaýat gümrükhanasynyň “Farap awtoýollary” gümrük nokadynda Port gözegçilik toparynyň açylyş dabarasy geçirildi.