10.05.2021
Türkmenistana Hytaýyň “CoronaVac” sanjymy getirildi
Düýn COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi.Immunizasiýa milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň strategik ugurlarynyň biridir. Şol maksatnamanyň ileri tutulýan möhüm ugurlary ilatyň saglygyny gowulandyrmakdan, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakdan hem-de halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekden ybaratdyr.
10.05.2021
Köpçülikleýin ekologiýa çäreleri Watanymyzyň gülläp ösmegine goşantdyr
Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10 — 25-nji maý günlerinde ekologik çäräni guramak baradaky başlangyç bilen çykyş edýär. Bu çärä isleg bildirýän adamlaryň ählisi gatnaşyp biler. Ekologik abadançylyk baradaky alada milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny, doly bahaly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr. Häzir dünýäde ekologik meseleleriň ähmiýetine hemme döwürlerdäkiden oňat düşünilýär. Şol meseleleri çözmezden, adamzat jemgyýetiniň mundan beýläkki durnukly ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däl.
10.05.2021
Milli Liderimiz Ýeňiş gününiň 76 ýyllygynyň hormatyna geçirilen dabaralara gatnaşdy
Düýn ýurdumyzda umumymilli baýramçylyk 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy bellenildi. Paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Harby şöhradyň we umumy halk hatyrasynyň mukaddes ýerine öwrülen belent ýadygärlikleriň etegine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ajaýyp gül çemenleri goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň asylly göreldesine eýerip, çärä gatnaşyjylar Watan ugrunda baş goýan gerçeklerimiziň ruhlaryny hatyraladylar.
09.05.2021
Milli Liderimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji maýda geçirilen mejlisinde özüniň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary, işgärleri, görnükli ýazyjy-şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.
07.05.2021
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi – kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi we tutuş hytaý halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi hem-de sabyr-takatlylyk arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz HHR-iň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, berýän goldawyna ýokary baha berýändigini hem-de şu kyn günlerde Hytaýyň halkynyň we onuň Lideriniň agyr ýitgi zerarly gynanjyny paýlaşýandygyna sarpa goýýandygyny nygtady.