Подарки для выставки

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we olar bilen bagly çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça baglaşylýan şertnamalar esasynda satyn alnyp Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen harytlaryň erkin dolanşyga goýberilmegi üçin gümrük taýdan resmileşdirilende zerur bolan resminamalar

1. Daşary ykdysady geleşik amala aşyrylan mahalynda baglaşylan şertnama;

2. Geleşigiň pasporty eger-de baglaşylan şertnamanyň umumy bahasy erkin aýlanýan puluň çäginden geçmedik halatynda şu resminama talap edilmeýär;

3. Harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen baglanyşykly geleşikleriň amala aşyrylmagyny tassyklaýan hasap-faktura;

4. Ýükläp ugradyş we gaplaýyş listleri;

5. Harytlaryň gelip çykyşyny tassyklaýan resminamalar;

6. Harydyň ýany bilen iberilýän ulag (daşaýyş) resminamalary;

7. Gelip çykyşy haýwanlardan bolan önümler üçin Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy tarapyndan berlen rugsatnama;

8. Gelip çykyşy ösümlikden bolan önümler üçin Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugy tarapyndan berlen rugsatnama;

9. Iýmit önümleri we gaplaýyş materiallary babatynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň beren laýyklyk sertifikaty;

10. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň beren laýyklyk sertifikaty;

11. Esaslandyryş resminamalary:

a) ýuridik şahs üçin:

- esaslandyryş resminamasy;

- ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi.

- daşary ykdysady işe gatnaşyjynyň şahadatnamasy;

b) hususy telekeçi üçin:

- bellige alyş şahadatnamasy;

- patent;

12. Ygtyýarly wekil üçin:

- ýuridik şahsyň wekilçilik edýän işgärine ynanç haty;

- hususy telekeçiniň zähmet şertnamasy boýunça wekilçilik edýän işgärine ynanç haty;

- şahsyýetini tassyklaýan resminama;

13. Bellenen tertipde doldurylan ýük gümrük deklarasiýasy.

 

Bellik:

* Bu çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin getirilýän harytlar Türkmenistanyň çägine gelip gowşanda, gümrük taýdan resmileşdirmek işler ileri tutma tertibinde ýerine ýetirilýär. Şunda, serhetýaka gümrük edarasy tarapyndan bu harytlar gümrük serhedinden ýeňillikli, ýönekeýleşdirilen tertipde geçirilýär we gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýerleşýän Gullugyň Balkan welaýat gümrükhanasynyň «Beýik Türkmenbaşy» gümrük nokadyna iberilýär.

** Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 17-nji iýulyndaky 2348-nji Kararynyň 11-nji bendine laýyklykda, Halkara sergisinde görkezmek we çärelerde ulanmak üçin Türkmenistana getiriljek we yzyna alnyp gidiljek harytlary, enjamlary we esbaplary hem-de beýleki önümleri gümrük töleglerden boşadylýar;

bu Kararyň 13-nji bendine laýyklykda, çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça baglaşylýan şertnamalaryň taraplary şol şertnamalary  ýerine ýetirmek bilen bagly işler amala aşyrylýarka birža ýygymlaryny, gümrük paçlaryny we gümrük ýygymlaryny hem-de sertifikatlaşdyrmak boýunça töleglerden boşadylýar. 

*** Harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek üçin Gümrük dellalynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz! Gümrük dellallarynyň Sanawy Baş sahypada ýerleşdirilen.