Türkmenistana getirilýän izogam üçin gümrük pajynyň möçberini bellemek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistana getirilýän izogam üçin gümrük pajynyň möçberini bellemek hakynda» 2016-njy ýylyň 4-nji martyndaky 14657-nji karary bilen 2016-njy ýylyň 10-njy martyndan başlap, şahsy taraplar we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli taraplar tarapyndan Türkmenistana getirilýän izogam (Daşary ykdysady işiň haryt sanawy boýunça şertli belgisi 6807) üçin gümrük bahasynyň 100 göterimi, ýöne 1 inedördül metri üçin azyndan 3,35 amerikan dollary möçberde gümrük pajyny bellenildi.