Türkmenistana getirilýän awtoulag serişdeleri üçin gümrük pajynyň möçberini bellemek hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 4-nji martyndaky «Türkmenistana getirilýän awtoulag serişdeleri üçin gümrük pajynyň möçberini bellemek hakynda» 14658-nji karary bilen Türkmenistanyň çäklerine getirilýän awtoulag serişdeleri (Daşary ykdysady işiň haryt sanawy boýunça şertli belgisi 8702, 8703, 8704 we 8705) üçin gümrük paçlarynyň möçberleri tassyklandy. Şu karar 2016-njy ýylyň 1-nji maýyndan güýje girýär.

 

Türkmenistanyň çäklerine getirilýän awtoulag serişdeleri üçin gümrük paçlarynyň möçberleri

 

T/b

Awtoulag serişdeleri, öndürilen ýyly hasaba alynmanda

Gümrük paçlarynyň möçberleri (bir awtoulag serişdesi üçin)

1.

1 ýyl dolmadyk, şol sanda täze

 

gümrük bahasyndan 2 göterim, ýöne azyndan hereketlendirijisiniň iş göwrüminiň 1 kub santimetri üçin 0,1 amerikan dollary

2.

1 ýyl dolan

 

gümrük bahasyndan 10 göterim, ýöne azyndan hereketlendirijisiniň iş göwrüminiň 1 kub santimetri üçin 0,3 amerikan dollary

3.

2 ýyl dolan

 

gümrük bahasyndan 25 göterim, ýöne azyndan hereketlendirijisiniň iş göwrüminiň 1 kub santimetri üçin 0,5 amerikan dollary

4.

3 ýyl dolan

 

gümrük bahasyndan 40 göterim, ýöne azyndan hereketlendirijisiniň iş göwrüminiň 1 kub santimetri üçin 1,0 amerikan dollary

5.

4 ýyl dolan

 

gümrük bahasyndan 50 göterim, ýöne azyndan hereketlendirijisiniň iş göwrüminiň 1 kub santimetri üçin 1,5 amerikan dollary

 

Bellik: Ýokarda görkezilen gümrük paçlaryndan elektromobiller we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary esasynda getirilýän awtoulag serişdeleri doly boşadylýar, gibrid hereketlendirijili awtoulag serişdeleri babatda 50 göterim ýeňillik berilýär.