«Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

«Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

«Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14671-nji kararyna laýyklykda:
1. Temmäki önümlerini bellenen tertipde Türkmenistanyň çägine getirmäge, iň pes bölek satuw bahalaryny bellemäge, garamagyndaky edara görnüşli taraplaryň üsti bilen lomaý we bölek satuw söwdasyny amala aşyrmaga diňe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ygtyýar berildi.
2. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu görkezmäniň 1-nji bölüminde görkezilen edaralardan beýleki edara görnüşli we şahsy taraplar tarapyndan temmäki önümleriniň (şahsy zerurlyklar üçin niýetlenip bellenen tertipde getirilýän we Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçirilýän temmäki önümleri muňa girmeýär) Türkmenistanyň çägine getirilmezligine hem-de lomaý we bölek söwdalarynyň amala aşyrylmazlygyna gözegçiligi üpjün etmeli.