«Türkmenistanyň çäklerine harytlaryň wagtlaýyn getirilmegini düzgünleşdirmek hakynda»Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

«Türkmenistanyň çäklerine harytlaryň wagtlaýyn getirilmegini düzgünleşdirmek hakynda»Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

«Türkmenistanyň çäklerine harytlaryň wagtlaýyn getirilmegini düzgünleşdirmek hakynda»Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 25-nji martyndaky 14677-nji karary bilen:
Türkmenistanyň çäklerine wagtlaýyn getirilip, gümrük paçlaryndan şertli doly boşadylmaga degişli harytlaryň sanawy tassyklandy.
Türkmenistanyň çäklerine wagtlaýyn getirilip, gümrük paçlaryndan şertli doly boşadylmaga degişli harytlaryň sanawynda hem-de Türkmenistanyň çäklerine getirilende gümrük paçlary bellenen harytlaryň sanawynda görkezilmedik Türkmenistanyň çäklerine getirilip, wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine ýerleşdirilýän harytlara, olar gümrük paçlaryny tölemekden şertli kem-käsleýin boşadylan mahalynda tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň möçberlerini hasaplamak üçin gümrük bahasynyň 2 göterimi möçberde gümrük pajy bellenildi. 
Şu karar 2016-njy ýylyň 1-nji maýyndan güýje girýär.