«Harytlaryň käbir görnüşlerini daşary ýurtlara ýerlemegiň hem-de olary Türkmenistanyň çäklerinden daşary alyp gitmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

«Harytlaryň käbir görnüşlerini daşary ýurtlara ýerlemegiň hem-de olary Türkmenistanyň çäklerinden daşary alyp gitmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

«Harytlaryň käbir görnüşlerini daşary ýurtlara ýerlemegiň hem-de olary Türkmenistanyň çäklerinden daşary alyp gitmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 15-nji aprelindäki 14723-nji karary bilen:
    1. Döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplaryň we hususy telekeçileriň Türkmenistanda öndürilýän önümleri eksport etmek bilen bagly, bahasy erkin aýlanýan puluň bellenen çäginden köp bolmadyk daşary söwda şertnamalaryny Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige almakdan boşadyldy.
2. Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän käbir harytlaryň sanawy tassyklandy.
    Şu karar 2016-njy ýylyň 1-nji maýyndan güýje girýär.
Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän käbir harytlaryň
SANAWY
T/b    Harydyň ady
1.    Maşynda dokalan halylar
2.    Taýýar ýod önümleri
3.    Gaplanan bejeriş palçyklary we deňiz duzy
4.    Zyýansyzlandyrylan sargy serişdeleri
5.    Lukmançylyk kosmetika pamyk önümleri
6.    Mineral bejeriş suwlary
7.    Keçe ädik
8.    Kafel ýelimi
9.    Gaplanan gök we miwe önümleri
10.    Mal içegeleri
11.    Deri önümleri (çig mal we ilkinji işlenen görnüşinde)