Türkmenistanyň Prezidentiniň «Harytlaryň käbir görnüşleri Türkmenistana getirilende we onuň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümriik paçlarynyň meseleleri hakynda» karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Harytlaryň käbir görnüşleri Türkmenistana getirilende we onuň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümriik paçlarynyň meseleleri hakynda» karary

«Harytlaryň käbir görnüşleri Türkmenistana getirilende we onuň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlarynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 25-nji maýyndaky 14792-nji karary bilen:

1.    Türkmenistanyň çäklerine getirilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri tassyklandy.

2.    «Türkmenistana getirilende we onuň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän hem-de gümrük paçlary bellenýän harytlaryň sanawyny we gümrük paçlarynyň möçberlerini tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji iýulynda çykaran 9925-nji kararynyň 2-nji, 3-nji we 4-nji goşundylaryndaky sanawlara girizilmedik, hususy telekeçileriň we şahsy taraplaryň el goşundan başga Türkmenistanyň çäklerinden daşary alyp gidýän harytlary üçin, şeýle harytlaryň gümrük bahasynyň ýüzden 2 bölegi möçberde gümrük pajy bellenildi.

3.    Türkmenistanyň çäklerine getirilende düzüminde pagta süýüminiň mukdary 85%-den pes bolan, bölek satuw üçin gaplanylmadyk nah ýüplügiň (tikin sapagyndan başga) 1 kilogramy üçin bellenen 3 amerikan dollary;

Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende raýatlaryň el goşundaky harytlaryň umumy agramy 60 kilogramdan geçýän her 1 kilogramy üçin bellenen 10 amerikan dollarу möçberdäki gümrük paçlary ýatyryldy.

4. Şu karar 2016-njy ýylyň 1-nji iýunyndan güýje girýär.

Türkmenistanyň çäklerine getirilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri

 

 

T/b

Daşary ykdysady işiň haryt sanawy boýunça şertli belgisi (kody)

 

Harydyň ady

 

 

Ölçeg birligi üçin amerikan dollarynda ýa-da gümrük bahasyndan göterimde bellenen gümrük paçlarynyň möçberleri

 

1.

2009-dan

 

 

Önümçilik üçin çig maldan (konsentratdan ýa-da konsentrirlenen şirelerden) başga miwe we gök önüm şireleri 

1 litri üçin 2 amerikan dollary

 

2.

6001 21 000, 6001 91, 6003 20 000

Nah ýüplükden maşynda ýa-da elde örülen trikotaž matalar

50%, ýöne 1 kg üçin azyndan 2 amerikan dollary

3.

61

62

Maşynda ýa-da elde örülen trikotaž egin-eşikler we olara degişli zatlar

Maşynda ýa-da elde örülen trikotaž däl egin-eşikler we olara degişli zatlar

 

1 kg üçin 1 amerikan dollary

 

4.

6107-den, 6108-den, 6207-den, 6208-den

Sütükli matalardan öndürilen hammam dony

 

20%

5.

6302-den

Sütükli matalardan öndürilen el çalgyç

Nah däl ýa-da garyşyk ýüplükden öndürilen ýorgan-düşek we ýassyk daşlyklary

20%

6.

6303-den

Taýýar penjire tutulary

30%