Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän kabir harytlaryň sanawy

Ýurdumyzyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň öndürýän önümleriniň daşary ýurtlara ýerlenýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän käbir harytlaryň sanawyny tassyklandy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň serhetýaka söwda merkezlerinde we howa menzillerinde ýerleşýän paçsyz söwda nokatlarynda daşary ýurtly alyjylara ýerlenilýän azyk önümlerini olara Türkmenistanyň çäginden daşary alyp gitmäge ygtyýar berildi.
Şu Karar 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär. 

Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary tölenmeýän we mukdar taýdan çäklendirilmeýän kabir harytlaryň sanawy

T/b     Harydyň ady

1.    Süýji-köke önümleri
2.    Balyk konserwleri
3.    Pagta ýagy