«Türkmenistanyň çäklerine getirilýän mebel önümleri üçin gümrük pajyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň kakary

 
Ýurdumyzyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we öndürýän önümleriniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerine getirilýän aşhana mebelleri we esgerlere niýetlenen krowatlar (Daşary ykdysady işiň haryt sanawy boýunça şertli belgileri degişlilikde 9403 40, 9403 20 200-den) üçin olaryň gümrük bahasynyň 50 göterimi möçberde gümrük pajyny bellemeli.

Şu karar 2016-njy ýylyň 1-nji awgustyndan güýje girýär.