Bildiriş

Ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilen azyk harytlarynyň içerki bazarlarymyza tiz ýetirilmegini, içerki bazarlarda azyk harytlarynyň bolçulygyny we görnüşleriniň köpdürliligini üpjün etmek maksady bilen,   2018-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli ýurdumyzyň gümrük edaralarynda azyk harytlaryny gümrük taýdan resmileşdirmek hem-de erkin dolanyşyga goýbermek işleri, dynç günlerini hem goşmak bilen, gije-gündiz amala aşyrylýar.