Gümrük edaralarynyň hyzmatlary üçin tölegleri tölemegiň Tertibi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň

2018-nji ýylyň 15-nji martynda çykaran 28-nji belgili buýrugy

bilen tassyklanan

 

Gümrük edaralarynyň hyzmatlary üçin tölegleri tölemegiň Tertibi

(Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2018-nji ýylyň 4-nji maýynda 1136 san bilen bellige alnan),

I. Umumy düzgünler

1.  Gümrük edaralarynyň hyzmatlary üçin tölegleri tölemegiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hakyndaky Düzgünnama laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan edilýän hyzmatlar üçin tölegleri (mundan beýläk -Tölegler) hasaplamagyň we tölemegiň tertibini, töleniş möhletlerini düzgünleşdirýär.

2. Gümrük edaralarynyň hyzmatlaryndan peýdalanýan şahslar Tölegleri töleýjiler bolup durýar. Islendik şahs töleýjiniň ýerine Tölegleri tölemäge haklydyr.

3. Tölegleri hasaplamak we tölemek Türkmenistanyň milli pulunda amala aşyrylýar.

4. Tölegler, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, nagt hem-de nagt däl görnüşinde tölenilip bilner.

5. Tölegler, degişliligine görä, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň (mundan beýläk - Gulluk) ýa-da gümrükhanalaryň býujetden daşary hasaplaşyk hasaplaryna tölenilýär.

6. Şu Tertibiň ulanylmagynyň maksatlary üçin içerki gümrük edarasy diýlip:

Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerinde ýerleşmeýän;

Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýerlerinde ýerleşip, gümrük edarasynyň ýerleşýän ýerinden başga ýerlerde hem harytlaryň gümrük gözegçiligini amala aşyrýan gümrük postlaryna düşünilýär.

II. Tölegleri hasaplamak

7. Tölegler gümrük edaralary tarapyndan hasaplanylýar.

Gümrük resmileşdirilmesi bilen bagly amallary ýönekeýleşdirmek we tizleşdirmek üçin Tölegleriň töleýji ýa-da onuň wekili tarapyndan deslapdan hasaplanylmagyna ýol berilýär. Bu halatda gümrük edarasynyň wezipeli adamy Tölegleriň dogry hasaplanylandygyny barlaýar.

8. Tölegler hasaplanylanda gümrük edaralarynyň hyzmatlary amala aşyrmaga girişen günündäki hereket edýän Tölegleriň möçberleri ulanylýar.

III. Tölegleriň görnüşleri we olaryň töleniş möhletleri

9. Şu aşakdaky hyzmatlaryň görnüşleri boýunça tölegler bellenilýär we şol bellenen möhletlerden gijä galynman tölenilýär:

1) içerki gümrük edaralarynda gümrük işgäriniň harytlara gümrük gözegçiligini amala aşyrmaga gidendigi üçin töleg – harytlar wagtlaýyn saklanylýan ammarlara ýerleşdirlende, amala aşyrylan hyzmatyň tamamlanan gününden başlap otuz senenama gününiň dowamynda, beýleki ýagdaýlarda, gümrük gözegçiligini amala aşyrmaga gidilmezden öň ýa-da gümrük gözegçiliginiň tamamlanan gününiň yzyndan gelýän gününden;

2) gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň ýa-da hünär şahadatnamasyny almak üçin dalaşgäriň okadylandygy üçin töleg - Gulluk tarapyndan guralýan gysga möhletli okuwyň tamamlanýan gününden;

3) gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmene hünär şahadatnamasynyň berlendigi üçin töleg - hünär şahadatnamasynyň berlen gününden;

4) getirilen ulag serişdelerine şahadatnama berlendigi üçin we Türkmenistanyň çägine wagtlaýyn getirilip hasaba goýulýan hem-de hasapdan çykarylyp Türkmenistanyň çäginden alnyp gidilýän ulag serişdelerine rugsatnama berlendigi üçin töleg - şahadatnamanyň ýa-da rugsatnamanyň berlen gününden;

5) deslapky çözgüdiň berlendigi üçin töleg - deslapky çözgüdiň berlen gününden;

6) alyjynyň ammarynda wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň gümrük gözegçiligi astynda bolmagy üçin töleg - harytlaryň alyjynyň ammarynda wagtlaýyn saklanylmagynyň tamamlanan gününden;

7) ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň gümrük gözegçiligi astynda bolmagy üçin töleg - harytlaryň ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylmagynyň tamamlanan gününden.

IV. Tölegleri tölemegiň tertibi

10. Içerki gümrük edaralarynda gümrük işgäriniň harytlara gümrük gözegçiligini amala aşyrmaga gidendigi üçin töleg - gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň harytlaryň we ulag serişdeleriniň ýerleşýän ýerine gümrük gözegçiligini amala aşyrmaga giden ýagdaýynda tölenilýär.

11. Gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň ýa-da hünär şahadatnamasyny almak üçin dalaşgäriň okadylandygy üçin töleg - Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2011-nji ýylyň 29-njy martynda 561 san bilen bellige alnan, Gullugyň başlygynyň 2011-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran 94 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasyny bermegiň Tertibine laýyklykda, gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň ýa-da hünär şahadatnamasyny almak üçin dalaşgär Gulluk tarapyndan guralýan gysga möhletli okuw kursunda okadylanda tölenilýär.

12. Gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmene hünär şahadatnamasynyň berlendigi üçin töleg - gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasyny bermegiň Tertibine laýyklykda, gümrük taýdan resmileşdirmek boýunça hünärmeniň hünär şahadatnamasy berlende tölenilýär.

13. Getirilen ulag serişdelerine şahadatnama berlendigi üçin we Türkmenistanyň çägine wagtlaýyn getirilip hasaba goýulýan hem-de hasapdan çykarylyp, Türkmenistanyň çäginden alnyp gidilýän ulag serişdelerine rugsatnama berlendigi üçin töleg - Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2013-nji ýylyň 18-nji noýabrynda 712 san bilen bellige alnan, Gullugyň başlygynyň 2013-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda çykaran 369 buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän ulag serişdelerini gümrük taýdan resmileşdirmegiň Tertibine laýyklykda şahadatnama ýa-da rugsatnama berlende tölenilýär.

14. Deslapky çözgüt berlendigi üçin töleg - Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2015-nji ýylyň 20-nji fewralynda 843 san bilen bellige alnan, Gullugyň başlygynyň 2015-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 31 belgili buýrugy bilen tassyklanan, Deslapky çözgüdiň görnüşi we ony kabul etmegiň tertibi hakynda Düzgünnama laýyklykda deslapky çözgüt berlende tölenilýär.

15. Alyjynyň ammarynda wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň gümrük gözegçiligi astynda bolmagy üçin töleg - harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagy gümrük amalyna laýyklykda harytlar Gulluk tarapyndan ygtyýarlylandyrylan wagtlaýyn saklanylýan ammarlardan başga ammarlarda ýa-da wagtlaýyn saklanylýan ýerlerde wagtlaýyn saklanylanda tölenilýär, muňa harytlaryň ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylýan ýagdaýlary degişli däldir.

Alyjynyň ammarynda wagtlaýyn saklanylýan harytlar gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan berlen, ýerlenilen ýa-da ýitirilen ýagdaýlary alyjynyň ammarynda wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň gümrük gözegçiligi astynda bolmagy üçin tölegi tölemekden boşatmaýar.

Bu töleg harytlary wagtlaýyn saklamagyň ilkinji otuz senenama güni üçin tölenilmeýär we Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda harytlary wagtlaýyn saklamagyň aňryçäk möhletiniň tamamlanmagyna çenli tölenilýär.

Bir toplum hökmünde ýygnalýan uly göwrümli enjamlar we/ýa-da desgalar böleklere bölünip birden köp haryt tapgyrlarynda getirilende, tutuş toplum üçin, ol harytlaryň iň soňky tapgyrynyň wagtlaýyn saklamaga berlen güni;

Türkmenistanyň kadalaşdyryjy resminamalarynyň (önümleriniň) Döwlet sanawynda (reýestrinde) bolmadyk harytlar getirilende, ol harytlaryň kadalaşdyryjy resminamalaryny (önümleri) degişli Döwlet sanawlaryna (reýestrlerine) girizmek amalynyň tamamlanan güni;

Sertifikatlaşdyrylmagy üçin iberiji bilen alyjynyň (buýrujy) arasynda Türkmenistanyň çäklerine getirilmeginiň maksadalaýyklygy, bildirilýän talaplara laýyk gelýändigi öwrenilip deslapdan resminamalaýyn ylalaşylmagy talap edilýän enjamlar getirilende, görkezilen ylalaşmak amalynyň tamamlanan güni, alyjynyň ammarynda wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň gümrük gözegçiligi astynda bolmagy üçin tölegi hasaplamak maksatlary üçin, harytlaryň wagtlaýyn saklamaga berlen güni hasap edilýär.

16. Ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň gümrük gözegçiligi astynda bolmagy üçin töleg - harytlaryň wagtlaýyn saklanylmagy gümrük amalyna laýyklykda harytlar ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylanda tölenilýär.

Ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylýan harytlar gümrük edarasynyň rugsady bolmazdan berlen, ýerlenilen ýa-da ýitirilen ýagdaýlary ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň gümrük gözegçiligi astynda bolmagy üçin tölegi tölemekden boşatmaýar.

Harytlaryň ulag serişdesinden düşürilip daşaýjynyň ammarynda wagtlaýyn saklanylmagy (deňiz portunda, howa menzilinde we demir ýol bekedinde), olaryň ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylmagy hasap edilmeýär.

V. Tölegleriň tölenilmeýän ýagdaýlary

17. Tölegler Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarynda tölenilmeýär.

18. Şu Tertibiň on ýedinji böleginde görkezilen ýagdaýlardan başga, içerki gümrük edaralarynda gümrük işgäriniň harytlara gümrük gözegçiligini amala aşyrmaga gidendigi üçin, getirilen ulag serişdelerine şahadatnama berlendigi üçin we Türkmenistanyň çägine wagtlaýyn getirilip hasaba goýulýan hem-de hasapdan çykarylyp Türkmenistanyň çäginden alnyp gidilýän ulag serişdelerine rugsatnama berlendigi üçin, alyjynyň ammarynda wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň gümrük gözegçiligi astynda bolmagy üçin we ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň gümrük gözegçiligi astynda bolmagy üçin tölegleriň görnüşleri şu ýagdaýlarda:

tebigy heläkçilikleriň we başga adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary ýok etmek üçin niýetlenen harytlar, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde heläkçilik çeken adamlara mugt paýlamak üçin niýetlenen harytlar we awariýa-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriň geçirilmegi üçin hem-de awariýa-halas ediş birlikleriniň iş ukyplylygy üçin zerur bolan harytlar gümrük serhedinden geçirilende;

daşary ýurt döwletleri, hökümetleri, halkara guramalary we Türkmenistan tarapyndan tölegsiz kömek hökmünde, haýyr-sahawat maksatlary, şol sanda tehniki ýardam üçin, şeýle hem ynsanperwerlik ýardamy hökmünde harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilende ýa-da bu çäkden alnyp gidilende tölenilmeýär.

19. Şu Tertibiň on ýedinji we on sekizinji böleklerinde görkezilen ýagdaýlaryndan başga, alyjynyň ammarynda wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň gümrük gözegçiligi astynda bolmagy üçin hem-de ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň gümrük gözegçiligi astynda bolmagy üçin tölegler – harytlar diňe döwlet eýeçiligine dahylly bolan şahslar tarapyndan getirilende tölenilmeýär (dahyllynyň we dahylsyzyň arasynda baglaşylan geleşikleriň şertlerine laýyklykda, Tölegleri tölemeklik döwlet eýeçiligine dahylly bolmadyk şahslaryň borçlanýan halatlary muňa degişli däldir).

20. Gümrük edaralarynyň hyzmatlary harytlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilende hökmany bolup durmaýar. Şahslar bu hyzmatlardan öz islegleri boýunça peýdalanyp bilerler.

         21. Alyjynyň ammarynda wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň gümrük gözegçiligi astynda bolmagy üçin tölegiň we ulag serişdesinde wagtlaýyn saklanylýan harytlaryň gümrük gözegçiligi astynda bolmagy üçin tölegiň hasaplanylýan döwrüni gysgaltmak maksady bilen, harytlar wagtlaýyn saklanylýan ýerlerinden harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ammarlara geçirilip bilner.

VI. Jemleýji düzgünler

22. Şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň hereket edýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.