Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hyzmatdaşlyga çagyrýar!

Harytlary we ulag serişdelerini serhetýaka gümrük postlarynda deklarirlemegiň synag taslamasyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzyň gümrük dellallaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bildirilýän talaplar barada goşmaça maglumatlar bilen tanyşdyrmak we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin gyzyklanýan taraplar 2019-njy ýylyň 5-nji martynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda kabul edişlige çagyrylýar.