Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän daşary ýurt harytlarynyň gümrük gözegçiliginiň we olary gümrük taýdan resmileşdirmegiň  TERTIBI


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2014-nji
ýylyň 25-nji iýulynda çykaran 
329 belgili buýrugy bilen 
tassyklanyldy

Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän daşary ýurt harytlarynyň gümrük gözegçiliginiň we olary gümrük taýdan resmileşdirmegiň Tertibi

I. Umumy düzgünler

1. Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän daşary ýurt harytlarynyň gümrük gözegçiliginiň we olary gümrük taýdan resmileşdirmegiň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) Türkmenistanyň Gümrük kodeksine we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 2-nji iýunynda çykaran 13683-nji karary bilen tassyklanylan, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän daşary ýurt harytlary babatda ýörite gümrük düzgünini ulanmagyň tertibi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
2. Şu Tertip Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny (mundan beýläk-Aziýa oýunlary) hem-de ondan öň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilmegi boýunça Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda geçirilýän synag ýaryşlaryny, çärelerini guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän daşary ýurt harytlary babatda ulag (daşaýyş), täjirçilik we (ýa-da) başga resminamalary gümrük deklarasiýasy we üstaşyr deklarasiýasy hökmünde ulanmagyň tertibini, şeýle hem görkezilen daşary ýurt harytlary babatda, olar ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilende we bu gümrük düzgüniniň hereketi tamamlananda, gümrük gözegçiliginiň hem-de gümrük taýdan resmileşdirmegiň tertibini kesgitleýär.
3. Şu Tertipde ulanylýan esasy düşünjeler:
1) Harytlar - Aziýa oýunlaryny hem-de ondan öň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilmegi boýunça Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda geçirilýän synag ýaryşlaryny, çärelerini guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän daşary ýurt harytlary;
2) Ulag resminamalary - gümrük deklarasiýasy we üstaşyr deklarasiýasy hökmünde ulanylýan ulag (daşaýyş), täjirçilik we (ýa-da) başga resminamalar;
3) Düzgünnama - Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 2-nji iýunynda çykaran 13683-nji karary bilen tassyklanylan, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek üçin niýetlenip Türkmenistana getirilýän daşary ýurt harytlary babatda ýörite gümrük düzgünini ulanmagyň tertibi hakyndaky Düzgünnama;
4) Düzgün – Düzgünnama laýyklykda ulanylýan ýörite gümrük düzgüni;
5) Deklarant – Düzgünnamanyň 2-nji we 8-nji bölümlerine laýyklykda Harytlaryny Düzgüne ýerleşdirýän şahs; 
6) Arza - Düzgüne ýerleşdirilmegi üçin Harytlar gümrük edarasyna deklarirlenilende gümrük deklarasiýasy hökmünde ulanylýan, şu Tertibiň 1-nji goşundysynda görkezilen görnüşdäki resminama.
Şu Tertipde adalgalar Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 5-nji maddasynda kesgitlenilen manylarda ulanylýar. 
4. Harytlar gümrük taýdan resmileşdirilende Ulag resminamalary şu aşakdakylar hökmünde ulanylyp bilner:
а) harytlaryň gümrük deklarasiýasy – Harytlar Düzgüne ýerleşdirilende;
b) üstaşyr deklarasiýasy – Türkmenistanyň gümrük çägine gelen ýerindäki gümrük edarasyndan Aziýa oýunlary geçýän ýerinde ýerleşen gümrük edarasyna çenli we Aziýa oýunlary geçýän ýerinde ýerleşen gümrük edarasyndan Türkmenistanyň gümrük çäginden gidýän ýerindäki gümrük edarasyna çenli daşamak maksady bilen, Harytlar içerki gümrük üstaşyry gümrük amalyna ýerleşdirilende.
5. Ulag resminamalarynyň Harytlaryň gümrük deklarasiýasy hökmünde ulanylmagy bilen Düzgüne ýerleşdirmek üçin Harytlar gümrük edarasyna deklarirlenilende, şeýle gümrük deklarasiýasynyň elektron nusgasy talap edilmeýär. 

II. Harytlar Düzgüne ýerleşdirilende Ulag resminamalaryny Harytlaryň gümrük deklarasiýasy hökmünde ulanmagyň tertibi

6. Düzgüne ýerleşdirilmegi üçin Harytlar gümrük edarasyna deklarirlenilende gümrük deklarasiýasy hökmünde şu aşakdaky resminamalar berilýär we ulanylýar:
a) Ulag resminamalary;
b) Arza-ýazmaça doldurylan, 4 nusgada;
ç) Harytlaryň gümrük deklarasiýasyny berýän şahsyň şahsyýetini tassyklaýan we (ýa-da) ygtyýarlylygyny tassyklaýan resminamalar;
d) eger deklarirlenilýän Harytlar babatda daşary ykdysady geleşik baglaşylan bolsa, şeýle geleşigiň baglaşylandygyny tassyklaýan resminamalar;
e) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklaryň we çäklendirmeleriň berjaý edilmegini tassyklaýan rugsatnamalar, ygtyýarnamalar, sertifikatlar we başga resminamalar, eger şeýle resminamalaryň berilmegi harytlary ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň şerti bolup durýan bolsa.
7. Düzgüne ýerleşdirilmegi üçin Harytlar gümrük edarasyna deklarirlenilende şu Tertibiň 6-njy bölüminde görkezilmedik resminamalaryň talap edilmegine ýol berilmeýär.
8. Arza A4 ölçegdäki esasy we goşmaça sahypalardan ybaratdyr. Arzanyň goşmaça sahypasynda (2-nji goşundy) Harytlaryň ady, mukdary we bahasy hakynda maglumatlar görkezilmelidir. Ulag (daşaýyş), täjirçilik we (ýa-da) başga resminamalar, Harytlaryň ady, mukdary we bahasy hakynda maglumatlary özünde saklaýan halatlarynda, Arzanyň goşmaça sahypasynyň ýerine ulanylyp bilner, şunda Arzanyň goşmaça sahypasy doldurylmaýar.
Deklarant ýa-da onuň adyndan we tabşyrygy boýunça gümrük operasiýalaryny amala aşyrýan gümrük dellaly tarapyndan tassyklanylan Ulag resminamalarynyň göçürme nusgalarynyň berilmegine ýol berilýär.
9. Arzanyň «1-6» we «8» belgili öýjükleri deklarant ýa-da gümrük dellaly tarapyndan doldurylýar.
Arzanyň «6a», «7», «7a» we «8a» belgili öýjükleri gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy tarapyndan doldurylýar. 
10. Arzadaky maglumatlar türkmen ýa-da iňlis dilinde görkezilýär.
Eger Ulag resminamalarynda daşary ýurtly şahslaryň, harytlaryň atlarynyň we beýleki maglumatlaryň ýazgylary latyn elipbiýiniň harplarynda duş gelýän bolsa, bu maglumatlar Arzada şeýle harplar bilen görkezilýär.
11. Arza, ony ýazan şahs tarapyndan gol cekilýär. Eger Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Arzany ýazan şahsyň möhüri bolmaly bolsa, onda Arza möhür bilen tassyklanylýar.
12. Deklarant ýa-da gümrük dellaly tarapyndan Arza berlende gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy aşakdaky aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2011-nji ýylyň 25-nji iýunynda 577 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2011-nji ýylyň 8-nji iýunynda çykaran 194 belgili buýrugy bilen tassyklanylan Ýük gümrük deklarasiýalaryny kabul etmegiň kadalarynda bellenilen hereketleri berjaý edýär:
şu Tertibiň 6-njy bölüminde göz öňünde tutulan şertler Deklarant tarapyndan ýerine ýetirilen halatynda, gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy Arzanyň ähli nusgalarynyň degişli gyrasynda (ýerinde), şeýle hem Arzanyň goşmaça sahypasynyň ýerine ulanylýan Ulag resminamalarynyň ýokarky sag burçunda ýa-da islendik boş ýerinde bellenilen tertipde bellige alyş belgisini goýup, ony şahsy goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklamak arkaly, Arzanyň kabul edilmegini resmileşdirýär. Bellige alyş belgisi aşakdaky görnüşde düzülýär:

ХХХХХ/ХХХХХХ/ÝХХХХХХ
1                      2                 3, şunda: 

1 - gümrük edarasynyň kody;
2 - Arzanyň kabul edilen senesi (gün, aý we ýylyň soňky sanlary);
3 - Arzalary bellige alyş kitaby boýunça berilýän Arzanyň tertip belgisi (Ý – Harydyň Düzgüni ulanmak arkaly resmileşdirilmeginiň belgisi).
Arzalaryň bellige alyş belgileriniň hasaby, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda bellenilen tertipde, Arzalary bellige alyş kitabyna (Ýük gümrük deklarasiýalaryny bellige alyş kitabynyň görnüşinde) laýyklykda amala aşyrylýar.
13. Düzgüne laýyklykda Harytlary goýbermek hakynda çözgüt kabul edilende ýa-da şeýle goýbermekden ýüz öwrülende gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy Arzanyň ähli nusgalarynyň «6a» belgili öýjüginde, şeýle hem Arzanyň goşmaça sahypasynyň ýerine ulanylýan Ulag resminamalarynda harytlaryň goýberilendigi ýa-da şeýle goýbermekden ýüz öwrülendigi hakynda bellenen tertipde degişli bellikleri we degişli çözgüdiň kabul edilen senesini goýup, ony şahsy goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklaýar.
Gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy tarapyndan Harytlary goýbermek ýa-da goýbermekden ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edilenden soň, Arzadaky maglumatlar hökmany tertipde Harytlaryň ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilmegini bellige alyş kitabyna (3-nji goşundy) girizilýär. 
14. Arzanyň nusgalary (şol sanda Arzanyň goşmaça sahypasynyň ýerine ulanylýan Ulag resminamalary) Harytlar goýberilenden soň, şu aşakdaky tertipde paýlanylýar:
bir nusgasy Arzany resmileşdiren gümrük edarasynda galýar; 
üç nusgasy Arzany resmileşdiren gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy tarapyndan, Deklaranta ýa-da gümrük dellalyna, Düzgüne ýerleşdirilen Harytlar bilen bu gümrük düzgüniniň hereketiniň tamamlanan mahaly gümrük operasiýalaryny geçirmegi üçin, gaýtarylyp berilýär. 


III. Düzgüniň hereketi tamamlananda 
Ulag resminamalaryny ulanmagyň tertibi

15. Alnyp gidiljek Harytlar babatda Düzgüniň hereketini tamamlamak üçin, deklarant ýa-da gümrük dellaly tarapyndan, şu Tertibiň 14-nji bölüminiň üçünji bendinde görkezilen Arzanyň üç nusgasy, şol sanda Arzanyň goşmaça sahypalarynyň ýerine ulanylýan Ulag resminamalary, gümrük edarasyna berilýär. 
16. Düzgüniň tamamlanýan gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy Düzgüniň hereketini tamamlamak hakynda çözgüdi kabul edende, şu Tertibiň 14-nji bölüminiň üçünji bendinde görkezilen Arzanyň nusgalarynyň «8a» belgili öýjüginde, şeýle hem Arzanyň goşmaça sahypalarynyň ýerine ulanylýan ulag resminamalarynda bellenen tertipde Düzgüniň hereketiniň tamamlanandygy hakynda belligi we şeýle çözgüdiň kabul edilen senesini goýýar, ony şahsy goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklaýar.
17. Arzanyň nusgalary (şol sanda Arzanyň goşmaça sahypasynyň ýerine ulanylýan Ulag resminamalary) Düzgüniň hereketi tamamlanyp, degişli bellikler goýlandan soň şu aşakdaky tertipde paýlanylýar:
bir nusgasy Düzgüniň tamamlanýan gümrük edarasynda galýar;
iki nusgasy Düzgüniň tamamlanýan gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy tarapyndan deklaranta ýa-da gümrük dellalyna gaýtarylyp berilýär. Şunda şu nusgalaryň biri ýa-da onuň göçürme nusgasy şu Tertibiň 18-nji bölüminde görkezilen halatlarda, Harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegine rugsat berýän resminama hökmünde, Harytlaryň gümrük çäginden alnyp gidilýän ýerindäki gümrük edarasyna berilýär.
18. Arzada (şol sanda Arzanyň goşmaça sahypasynyň ýerine ulanylýan Ulag resminamalarynda) görkezilen Harytlar aýratyn haryt tapgyrlarynda alnyp gidilýän halatynda, gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy:
alnyp gidilýän haryt tapgyry babatda şu Tertibiň 15-nji bölümine laýyklykda berlen Arzanyň nusgalarynda «8a» belgili öýjükde (şol sanda Arzanyň goşmaça sahypasynyň ýerine ulanylýan Ulag resminamalarda) «Haryt     mukdarda alnyp gidildi» belligi goýmak bilen Düzgüniň hereketiniň tamamlanandygy barada bellik edýär;
Arzanyň iki sany göçürme nusgasyny taýýarlaýar we olary şahsy goly hem-de belgili şahsy möhüri bilen tassyklaýar.
Arzanyň tassyklanylan bir göçürme nusgasy gümrük edarasynda galýar.
Deklaranta ýa-da gümrük dellalyna:
şu bölümiň ikinji bendinde görkezilen Arzanyň 3 sany nusgasy özleri babatda Düzgüniň hereketi tamamlanmadyk Harytlar bilen, bu gümrük düzgüniniň hereketini tamamlamak boýunça gümrük operasiýalaryny geçirmek üçin; 
şu bölümiň üçünji bendinde görkezilen Arzanyň tassyklanylan ikinji göçürme nusgasy, Harytlaryň gümrük çäginden alnyp gidilýän ýerindäki gümrük edarasyna Harytlaryň gümrük çäginden alnyp gidilmegine rugsat berýän resminama hökmünde berilmegi üçin, yzyna gaýtarylyp berilýär.
19. Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilýän, Düzgünnamanyň 24-27-nji bölümlerinde görkezilen Harytlar babatda Düzgüniň hereketini tamamlamak üçin deklarant ýa-da gümrük dellaly şu Tertibiň 14-nji bölüminiň üçünji bendinde görkezilen Arzanyň üç sany nusgasy bilen bir wagtda, şu resminamalary gümrük edarasyna berýär:
Sport öwseleleri, sport egin-eşigi we esbaplary, iýmit önümleri, derman serişdeleri, sport we duýduryş ýaragynyň oklary, harç edilýän we sarp edilýän materiallar, harç edilen, doly sarp edilen ýa-da mundan beýläk adaty niýetlenilişine görä ulanylmagy üçin ýaramsyz ýagdaýda bolan Harytlar babatda, harç edilen, sarp edilen ýa-da ulanylmagy üçin ýaramsyz bolan Harytlaryň atlarynyň, mukdarynyň, bahalarynyň görkezilmegi bilen olaryň sanawyny, şeýle hem Harytlaryň Düzgüne ýerleşdirilmegine esas bolan Arzanyň belgilerini özünde jemleýän, erkin görnüşde düzülen arza;
Bir birliginiň bahasy 500 (bäş ýüz) amerikan dollaryna barabar möçberden, umumy bahasy 2000 (iki müň) amerikan dollaryna barabar möçberden ýokary geçmeýän mukdarda mugt paýlanylan Harytlar babatda, mugt paýlanylan Harytlaryň atlarynyň, mukdarynyň, bahalarynyň görkezilmegi bilen olaryň sanawyny, şeýle hem Harytlaryň Düzgüne ýerleşdirilmegine esas bolan Arzanyň belgilerini özünde jemleýän, erkin görnüşde düzülen arza;
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça başga şahslaryň eýeçiligine muzdsuz berlen Harytlar babatda, muzdsuz berlen Harytlaryň atlarynyň, mukdarynyň, bahalarynyň görkezilmegi bilen olaryň sanawyny, şeýle hem Harytlaryň Düzgüne ýerleşdirilmegine esas bolan Arzanyň belgilerini özünde jemleýän, erkin görnüşde düzülen arza, şeýle hem Harytlaryň görkezilen şahslaryň eýeçiligine berilýändigini tassyklaýan resminama;
Heläkçiligiň, öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri ýa-da tebigy azalma netijesinde, şeýle hem ogurlyk ýa-da Harytlary Düzgüne ýerleşdiren şahslaryň hereketine bagly bolmadyk başga garaşylmadyk ýagdaýlaryň netijesinde ýok edilen ýa-da ýitirilen Harytlar babatda, Harytlaryň bahasy 500 (bäş ýüz) amerikan dollaryna barabar möçberden ýokary geçmeýän halatynda - ýok edilen we (ýa-da) ýitirilen Harytlaryň atlarynyň, mukdarynyň, bahalarynyň görkezilmegi bilen olaryň sanawyny, şeýle hem Harytlaryň Düzgüne ýerleşdirilmegine esas bolan Arzanyň belgilerini özünde jemleýän, erkin görnüşde düzülen arza, Harytlaryň bahasy 500 (bäş ýüz) amerikan dollaryna barabar möçberden ýokary bolan halatynda - ýok edilen we (ýa-da) ýitirilen Harytlaryň atlarynyň, mukdarynyň, bahalarynyň görkezilmegi bilen olaryň sanawyny, Harytlaryň Düzgüne ýerleşdirilmegine esas bolan Arzanyň belgilerini özünde jemleýän, erkin görnüşde düzülen arza, şeýle hem degişliligine görä Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň ýa-da Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýa-da Türkmenistanyň Söwda - senagat edarasynyň çäk boýunça degişli edarasynyň harytlaryň ýok edilmegine we (ýa-da) ýitirilmegine getiren ýagdaýy tassyklaýan namasy.
20. Düzgünnamanyň 24-27-nji bölümlerinde görkezilen Harytlar hakynda deklarant ýa-da gümrük dellaly tarapyndan erkin görnüşde düzülip berlen arza, gümrük edarasynda, iş ýöredişiň bellenilen düzgünlerine laýyklykda, Gelip gowşan hatlary, şol sanda gullukda peýdalanmak üçin resminamalary bellige alyş kitabynda bellige alynýar.
21. Gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy tarapyndan Düzgüni tamamlamak hakynda çözgüt kabul edilenden soň, maglumatlar hökmany tertipde Ýörite gümrük düzgüniniň tamamlanmagyny bellige alyş kitabyna   (4-nji goşundy) girizilýär. 
22. Eger Düzgün Harytlar Düzgüne ýerleşdirilen gümrük edarasyndan başga gümrük edarasynda tamamlanýan bolsa, onda Düzgüniň tamamlanýan gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy olaryň goýberilen gününiň yzyndan gelýän bir iş gününden gijä galman, aragatnaşygyň dessin ýollary arkaly, Harytlar Düzgüne ýerleşdirilen gümrük edarasyna Arzanyň tassyklanan nusgalaryny iberýär. 
23. Tertibiň 22-nji bölüminde görkezilen resminamalaryň göçürme nusgalary Harytlary Düzgüne ýerleşdirmek üçin esas bolan Arza çatylýar.

IV. Harytlaryň Düzgünde bolmak möhleti uzaldylanda 
gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamynyň hereketi

24. Harytlaryň Düzgünde bolmak möhleti uzaldylanda, Harytlar Düzgüne ýerleşdirilen gümrük edarasynda ýa-da Düzgüniň tamamlanýan gümrük edarasynda deklarantyň bu möhletiň uzaldylmagy baradaky esaslandyrylan arzasy iş ýöredişiň bellenilen düzgünlerine laýyklykda, Gelip gowşan hatlary, şol sanda gullukda peýdalanmak üçin resminamalary bellige alyş kitabynda bellige alynýar.
25. Harytlaryň Düzgünde bolmak möhletini uzaltmak ýa-da bu möhleti uzaltmakdan ýüz öwürmek hakyndaky çözgüdi gümrük edarasynyň başlygy ýa-da onuň ýerine galan şahs arzanyň kabul edilen gününden başlap üç günden gijä galman kabul edýär. Harytlaryň Düzgünde bolmak möhletini uzaltmak hakyndaky çözgüt, möhleti uzaltmak hakyndaky arzada gümrük edarasynyň başlygynyň ýa-da onuň ýerine galan şahsyň «Harytlaryň ýörite gümrük düzgüninde bolmak möhletiniň          çenli uzaldylmagyna rugsat berýärin» diýen ýazgyny we sene goýmagy hem-de gol çekip tassyklamagy bilen resmileşdirilýär. Görkezilen arzanyň nusgasy, möhleti uzaldan gümrük edarasynyň Harytlar Düzgüne ýerleşdirilen gümrük edarasy bilen gabat gelen ýagdaýynda Arza çatylýar. Harytlaryň Düzgünde bolmak möhletiniň Düzgüniň tamamlanýan gümrük edarasynda uzaldylýan halatynda, arzanyň nusgasy Harytlaryň Düzgüne ýerleşdirilmegini resmileşdiren gümrük edarasyna, Arza çatylmagy üçin iberilýär. 
26. Harytlaryň Düzgünde bolmak möhletini uzaltmak hakynda çözgüdi kabul edenden soň gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy Arzanyň «7» belgili öýjügine Harytlaryň Düzgünde bolmak möhletiniň uzaldylandygy barada ýazgyny, Arzanyň «7a» belgili öýjüginde senäni goýýar we ony şahsy goly we belgili şahsy möhüri bilen tassyklaýar.
27. Gümrük edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy tarapyndan Harytlaryň Düzgünde bolmak möhletini uzaltmak hakynda çözgüt kabul edilenden soň, bu uzaldylma hakyndaky maglumatlar hökmany tertipde Harytlaryň ýörite gümrük düzgüniniň möhletini uzaltmagy bellige alyş kitabyna (5-nji goşundy) girizilýär. 
    28. Harytlaryň Düzgünde bolmak möhletini uzaltmakdan ýüz öwürmek hakyndaky çözgüt kabul edilende, möhleti uzaltmak hakyndaky arzada gümrük edarasynyň başlygynyň ýa-da onuň ýerine galan şahsyň «Harytlaryň ýörite gümrük düzgüninde bolmak möhletini uzaltmaga rugsat berilmeýär» diýen ýazgyny we sene goýmagy hem-de gol çekip tassyklamagy bilen resmileşdirilýär.
Gümrük edarasy möhleti uzaltmakdan ýüz öwrülendigi hakynda, şeýle çözgüdiň kabul edilen gününden başlap üç günden gijä galman, arza berijini ýazmaça görnüşde habardar etmäge borçludyr. 

V. Ulag resminamalaryny üstaşyr deklarasiýasy hökmünde ulanmagyň tertibi

29. Şu Tertibiň 4-nji bölüminiň «b» kiçi bölümine laýyklykda Ulag resminamalarynyň üstaşyr deklarasiýasy hökmünde ulanylýan halatynda, şeýle resminamalarda şu aşakdakylar barada maglumatlar bolmalydyr:
a) ulag (daşaýyş) resminamalaryna laýyklykda harydy iberiji we alyjy;
b) harytlary iberiji ýurt we harytlaryň barmaly ýurdy;
ç) deklarant;
d) daşaýjy;
e) harytlary daşaýan halkara ýük daşamalarynyň ulag serişdesi;
f) täjirçilik, ulag (daşaýyş) resminamalaryna laýyklykda harytlaryň ady, mukdary;
g) harytlaryň «brutto» agramy ýa-da harytlaryň göwrümi;
h) ýükleriň orun sany;
i) ulag (daşaýyş) resminamalaryna laýyklykda harytlaryň barmaly ýeri;
j) eger, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegine, çäklendirmeleriň berjaý edilendigini tassyklaýan resminamalar bar bolan halatynda ýol berilýän bolsa, onda şeýle resminamalar.
30. Üstaşyr deklarasiýasy hökmünde ulanylýan ulag resminamalarynda şu Tertibiň 29-njy bölüminde görkezilen maglumatlaryň käbiriniň bolmadyk ýa-da doly görkezilmedik halatynda, ýetmeýän maglumatlar deklarant tarapyndan şol resminamalara ýazmaça girizilýär we maglumatlaryň girizilen senesi goýlup, onuň goly bilen tassyklanylýar. 
31. Ugradylyş gümrük edarasynda Harytlary Düzgüne ýerleşdirmäge ygtyýarly şahslar barada maglumatlaryň bolmadyk halatynda, ýa-da şeýle şahslar barada maglumatlar harytlary iberiji we (ýa-da) alyjy hökmünde ulag resminamalarynda görkezilmedik bolsa, ýa bolmasa şeýle resminamalar harytlary Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirmegiň maksady hakyndaky maglumaty özlerinde saklamaýan bolsa, şu Tertibiň 29-30-njy bölümleriniň düzgünleri ulanylmaýar. 

VI. Jemleýji düzgünler

32. Deklarantyň Düzgünnamanyň 17-18-nji bölümlerinde bellenilen, Düzgüne ýerleşdirilen harytlara eýelik edilmegi we (ýa-da) ulanylmagy üçin başga şahsa geçirmek boýunça degişli hukuklardan peýdalanýan halatynda, Düzgüniň talaplaryny we şertlerini berjaý etmek, şol sanda şeýle geçirmek hakynda gümrük edarasyny habardar etmek boýunça borçnamalar deklaranta galýar.
33. Habar bermek Harytlar Düzgüne ýerleşdirilen gümrük edarasyna arza bermek arkaly amala aşyrylýar. Düzgüne ýerleşdirilen harytlara eýelik edilmegi we (ýa-da) ulanylmagy üçin başga şahsa geçirilmegi barada maglumat Harytlaryň ýörite gümrük düzgünine ýerleşdirilmegini bellige alyş kitabyna onuň «bellikler» atly öýjügini doldurmak arkaly girizilýär. 
34. Düzgüniň şertleriniň we talaplarynyň berjaý edilmezligi üçin deklarant Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine laýyklykda jogapkärçilige çekilýär.

Goşundylar

Goşundy-1 ru
Ýükle

Goşundy-2 ru
Ýükle