Gümrük habarlary

Polietilen haltalary daşary ýurt bazarlarynda.
24 Iýul
Polietilen haltalary daşary ýurt bazarlarynda.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna hususy pudagyň ornuny giňeltmegiň döwletimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belleýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň döwlete degişli bolmadyk ykdysady böleginde içerki we daşarky bazarda mynasyp derejede bäsdeşlige ukyply milli haryt öndürijileriň täze neslini ösdürip ýetişdirmäge kuwwatly ýardam berýär. Birleşmäniň agzalary ýurdumyzda hususy telekeçiler üçi...

DOWAMY
Ahal welaýat gümrükhanasynyň iş çäginde eksport edilýän harytlaryň görnüşi artýar
13 Iýul
Ahal welaýat gümrükhanasynyň iş çäginde eksport edilýän harytlaryň görnüşi artýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri öz netijelerini berýär. Bu ugurda importuň ornuny tutýan harytlary öndürmek hem-de eksport önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalary uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ähli ýerlerde importyň ornuny tutýan harytlary, gurluşyk serişdelerini, dokma, mineral önümleri, durmuşda ulanylýan himiýa önümlerini, mebelleri, azyk önümlerini çykarýan kärhanalar açylýar. Telekeçilerimiziň we haryt öndürijilerimiziň mümkinçilikleri giň...

DOWAMY
Gümrük işgärleri okuw maslahatyna gatnaşdy
12 Iýul
Gümrük işgärleri okuw maslahatyna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 7-nji iýulyndan 9-njy iýuly aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň 30-dan gowrak işgäriniň gatnaşmagynda Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) tarapyndan gurnalan, Mawritis girdeji gullugynyň we Türkiýe gümrük gullugynyň bütewilik hünärmenleriniň goldawy bilen, bütewiligi ösdürmek boýunça okuw maslahaty geçirildi. Bu seminar, üç günüň dowamynda Gullugyň merkezi edarasynyň we welaýatlaryň gümrük edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi.  Bu geçirilen Okuw maslahatynyň maksady, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna gümrük pudagynda bitewiligiň ösüş strategiýalary...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) serhetüsti elektron söwda boýunça ikinji global konferensiýasyna gatnaşdy
5 Iýul
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) serhetüsti elektron söwda boýunça ikinji global konferensiýasyna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 28-29-njy iýuny aralygynda geçirilen “Durnukly elektron söwda zynjyryny dikeltmek, täzelemek we durnuklaşdyrmak üçin birleşdirilen gümrük tagallalary” mowzugy boýunça Bütindünýä gümrük guramasynyň serhetüsti elektron söwda boýunça ikinji global konferensiýasy degişli guramalaryň ýolbaşçylaryny we gümrük hünärmenleri, elektron söwda operatorlary, halkara guramalarynyň wekillerini we beýleki gyzyklanýan taraplary bir ýere jemledi. BGG-nyň elektron söwda standartlaryny we oňa degişli elektron söwda toplumyny doly durmuşa geçirmegiň artykmaçlyklaryny göz öňünde tutup, agzalar we gy...

DOWAMY
Farap etrabynda seýilgäh açyldy
25 Iýun
Farap etrabynda seýilgäh açyldy

Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň Lebap welaýatynda geçýän günlerinde şatlykly wakalaryň sany artýar. Şolaryň birisi Farap etrabynyň Farap şäherinde «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkeziniň açylmagy boldy.  Ýaşaýyş-durmuşymyzyň eşretlere beslenmegi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär. Milli Liderimiziň amala aşyrýan özgerişlikleri her bir şähere, her bir adamyň ýaşaýşyna ýakymly täsirini ýetirýär. Munuň özi oba-şäherlerimiziň daş keşbinde hem, ýaşaýjylarynyň ykbalynda hem mese-mälim görünýär. Şeýle bagtly pursatlar...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy BMG-nyň  Ýewropadaky ykdysady komissiýasy (UNECE) hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär
25 Iýun
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy BMG-nyň Ýewropadaky ykdysady komissiýasy (UNECE) hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi (IRU) bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2021-nji ýylyň 16-njy we 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda, BMG-nyň Ýewropadaky ykdysady komissiýasynyň (UNECE) we şol guramanyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD), şeýle hem Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) hem-de Türkmen Halkara awtoulagly daşaýjylaryň assosiasiýasynyň (THADA) wekilleriniň arasynda, halkara ýük daşamalarynda sanly TIR-EPD ulgamyň üsti bilen gümrük resmileşdirmeleri we gümrük gözegçiligini amala aşyrmagyň halkara te...

DOWAMY