Gümrük habarlary

Gümrük gözegçiligi we resmileşdirmesi bilen bagly işi amala aşyrýan taraplaryň dykgatyna
24 Iýul
Gümrük gözegçiligi we resmileşdirmesi bilen bagly işi amala aşyrýan taraplaryň dykgatyna

2019-njy ýylyň 24-nji iýulyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 64 belgili buýrugy bilen tassyklanan Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi herekete girýär.  Üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibi harytlar içerki gümrük üstaşyrynyň gümrük amalyna we gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilen mahalynda bellenilen görnüşdäki üstaşyr deklarasiýasyny doldurmagyň tertibini kesgitleýär.

DOWAMY
Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi
22 Iýul
Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi

Öň habar berilişi ýaly, 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Hazar deňziniň güni mynasybetli gabatlanyp geçiriljek bu Forum diňe bir Türkmenistany, Gazagystany, Russiýany, Azerbaýjany hem-de Eýrany birleşdirmän, eýsem oňa köpsanly sebitdäki we halkara hyzmatdaşlar hem gatnaşar. Forumyň çäklerinde şeýle-de Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi gurnalar. Sergi 11-12-nji awgustyň dowamynda işlär. Oňa ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan bilermenler gatnaşar. Innowasiýalaryň we öňdebaryjy innowasion teh...

DOWAMY
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary okuwlaryny üstünlikli tamamladylar
15 Iýun
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary okuwlaryny üstünlikli tamamladylar

2019-njy ýylyň 15-nji iýunynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan harby talyplaryň gutardyş dabaralary geçirildi.  Dabarlar paýtagtymyzyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada bolup geçdi. Oňa harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdy.            Okuwy tamamlan ýaş serkerdeleriň hatarynda geljekki gümrükçiler hem bar. Mälim bolşy ýaly, her ýyl Goranmak ministrliginiň Harby instituty Döwlet gümrük gullugy üçin ýokary bilimli gümrük işi boýunça hünärmenleri taýýarlaýar.  Bu hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň Döwlet güm...

DOWAMY
«Gümrük töleglerini bellemegiň meseleleri we onuň hukuk esaslary» atly pudagara okuw-maslahaty
15 Iýun
«Gümrük töleglerini bellemegiň meseleleri we onuň hukuk esaslary» atly pudagara okuw-maslahaty

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda «Gümrük töleglerini bellemegiň meseleleri we onuň hukuk esaslary» atly pudagara okuw-maslahaty geçirildi. Maslahat Gullugyň gümrük tölegleri bölümi tarapyndan tassyklanan ylmy işleriň meýilnamasyna laýyklykda taýýarlandy. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň şahsy düzümi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginden, Adalat ministrliginden, jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller hem-de telekeçiler gatnaşdy.  Okuw-maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň birnäçesi çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda gümrük tölegler...

DOWAMY
Terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy ulgamda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak boýunça maslahat
13 Iýun
Terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy ulgamda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak boýunça maslahat

2019-njy ýylyň 10‒11-nji iýunynda Aşgabatda ÝHHG-niň ýardam bermeginde «Bellenilen maliýe däl kärhanalary we hünärleri pudagynda terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy öňdebaryjy tejribe» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan hem wekil gatnaşdy. Maslahatyň barşynda maliýe däl kärhanalaryň we hünärleriň öňüni alyş ornuny ösdürmegiň ýollary, müşderileri içgin gözden geçirmek, şeýle hem  benefisiarlary we syýasy ähmiýetli şahsyýetleriň üstüni açmak, bu ulgamda töwekgelçiligiň derejesini peseltmek ýaly möhüm meselelere seredil...

DOWAMY
Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça altynjy her ýylky sebitara duşuşygy
27 Maý
Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça altynjy her ýylky sebitara duşuşygy

2019-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Bütindünýä gümrük guramasynyň Ählumumy maksatnamasynyň çäginde altynjy her ýylky sebitara duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşan türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary R.Garajaýew başlyklyk etdi.  Duşuşygyň maksady Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmegiň çygrynda ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýle hem ýokary töwekgelçiligi bo...

DOWAMY