Gümrük habarlary

Aşgabatda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň seredilen Kioto konwensiýasy bilen ylalaşyjylygy boýunça okuw çäresi geçirildi
4 Mar
Aşgabatda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň seredilen Kioto konwensiýasy bilen ylalaşyjylygy boýunça okuw çäresi geçirildi

2017-nji ýylyň 1-3-nji marty aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynyň seredilen Kioto konwensiýasynyň düzgünleri bilen ylalaşyjylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan hünärmenler gatnaşdylar. Çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak (BOMCA) Maksatnamasynyň çäklerinde gurnaldy. Ýewropa Bileleşiginden çagyrylan hünärmenler okuw çäresine gatnaşyjylar bilen seredilen Kioto konwensiýasynda beýan edilen gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullaryny we halkara standartlaryny ara alyp maslaha...

DOWAMY
Harby gullukçylaryň sportda taplanmagy
2 Mar
Harby gullukçylaryň sportda taplanmagy

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmeklige aýratyn uly üns berilýär. Ata Watanymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly biziň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugumyzda hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagymyz, saglygymyzy berkitmegimiz üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Döwrebap sport desgalary, stadionlar ähli gümrükhanalaryň çäklerinde hereket edýär.      Ýaňy-ýakynda 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 200 günüň galmagy mynasybetl...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
22 Few
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy

2017-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mertler Watany beýgeldýär” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.     Oňa Gullugyň şahsy düzümi, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden mugallymlar, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.     Dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby ägirt uly watansöýüjilik we terbiýeçilik ähmiýetini özünde jemläp, ýaş harby gullu...

DOWAMY
Hasabat ýygnanyşygy
4 Few
Hasabat ýygnanyşygy

2017-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda geçirilen ýygnanyşykda 2017-nji ýylyň birinji aýynda gümrük edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.      Ýygnanyşygyň çäklerinde ýygnaga gatnaşyjylaryň hasabatlary diňlenildi. Olar ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent...

DOWAMY
Gümrük işgärleri üçin iňlis dili kursy gurnaldy
1 Few
Gümrük işgärleri üçin iňlis dili kursy gurnaldy

Dil boýunça okuwlaryň maksady hünär ylymlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Okuw kursy şu ýylyň sentýabr aýynda  geciriljek Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde döwlet derejesindäki ýaryşlaryň geçiriljek döwründe gümrük işgärleriniň ukyplaryny netijeli ulanmak maksady bilen gurnaldy.

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna güwänamalar gowşuryldy
28 Ýan
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylaryna güwänamalar gowşuryldy

2017-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda  Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Gullugyň hataryna işe täze kabul edilen, gümrük işi babatynda hünär taýýarlygy hem-de harby taýýarlyk boýunça okuw kursuny üstünlikli tamamlan harby gullukçylaryň nobatdaky tapgyryna okuwy tamamlandyklary barada güwänamalaryň gowşurylyşy hem-de olara ilkinji harby atlaryň dabaraly ýagdaýda dakylmagyna bagyşlanan çäre geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly Garaşsyz Türkmenistan ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň we onuň raýatlarynyň abadançylygynyň ygtyb...

DOWAMY