Gümrük habarlary

Terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy ulgamda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak boýunça maslahat
13 Iýun
Terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy ulgamda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak boýunça maslahat

2019-njy ýylyň 10‒11-nji iýunynda Aşgabatda ÝHHG-niň ýardam bermeginde «Bellenilen maliýe däl kärhanalary we hünärleri pudagynda terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy öňdebaryjy tejribe» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan hem wekil gatnaşdy. Maslahatyň barşynda maliýe däl kärhanalaryň we hünärleriň öňüni alyş ornuny ösdürmegiň ýollary, müşderileri içgin gözden geçirmek, şeýle hem  benefisiarlary we syýasy ähmiýetli şahsyýetleriň üstüni açmak, bu ulgamda töwekgelçiligiň derejesini peseltmek ýaly möhüm meselelere seredil...

DOWAMY
Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça altynjy her ýylky sebitara duşuşygy
27 Maý
Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça altynjy her ýylky sebitara duşuşygy

2019-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Bütindünýä gümrük guramasynyň Ählumumy maksatnamasynyň çäginde altynjy her ýylky sebitara duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşan türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary R.Garajaýew başlyklyk etdi.  Duşuşygyň maksady Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmegiň çygrynda ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan, şeýle hem ýokary töwekgelçiligi bo...

DOWAMY
Erkin ykdysady zolaklary boýunça Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin forumy
22 Maý
Erkin ykdysady zolaklary boýunça Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin forumy

2019-njy ýyyň 15-17-nji maýy aralygynda Nur-sultan şäherinde Erkin ykdysady zolaklary boýunça Bütindünýä gümrük guramasynyň sebitleýin forumy geçirildi.  Forumyň işine Bütindünýä gümrük guramasynyň agza döwletleriniň 30-dan gümrük edaralarynyň wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük işgäri hem gatnaşdy.  EYZ döwletiň ykdysady syýasatynyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar, onuň çäginde önümçiligiň belli bir pudagynyň ösüşi üçin amatly maýa goýum şertleri döretmäge mümkinçilik bar. Munuň özi ýurduň eksport mümkinçiliklerini ösdürmäge ýardam edýär.  Forum...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Gazagystan Respublikasynyň Kuryk portunda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdylar
22 Maý
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Gazagystan Respublikasynyň Kuryk portunda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdylar

Gazagystan Respublikasynyň Kuryk portunda Türkmenistanyň we Gazagystanyň gümrük edaralarynyň işgärleri üçin halkara okuw maslahaty geçiridi. Okuw maslahatynyň maksady harytlaryň we ulag serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak we ýüze çykarmak çygrynda işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak bolup durýar.  Bu okuw maslahat Litwa Respublikasynyň maliýe ministrliginiň gümrük departamentinden bomça maksatnamasynyň bilermeneleri tarapyndan geçirildi.  Türkmenistanyň we Gazagystanyň gümrük we serhet edaralarynyň işgärleri gümrük barlagy üçin gämiler we konteýnerler saýlananda töwekgelçilige ba...

DOWAMY
«Gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşar» atly baýramçylyk dabarasy
7 Maý
«Gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşar» atly baýramçylyk dabarasy

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli «Gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşar» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Gullugyň harby gullukçylary we Gümrük gullugynyň hatarynda birnäçe ýyl zähmet çekip hormatly dynç alyşa çykan zähmet weteranlary gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler zalym urşuň söweş meýdanlarynda türkmen gerçekleriniň görkezen gahrymançylyklary, tylda galanlaryň zähmet edermenlikleri, olaryň belent watansöýüji...

DOWAMY
Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalarynyň arasynda maglumat alyşmak atly sebitleýin okuw-maslahaty
1 Maý
Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalarynyň arasynda maglumat alyşmak atly sebitleýin okuw-maslahaty

2019-njy ýylyň 1-nji maýynda paýtagtymyzyň Arçabil myhmanasynda Bütindünýä gümrük guramasynyň mümkinçilikleri ösdürmek boýunça Baku şäherindäki sebitleýin merkezi bilen bilelikde Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalarynyň arasynda maglumat alyşmak atly sebitleýin okuw-maslahaty öz işine başlady.  Maslahatyň işine gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Bosniýa we Gersogowinanyň, Ukrainanyň, Gruziýanyň hem-de Albaniýanyň gümrük gulluklaryndan wekiller geldiler.  Okuw-maslahatynyň maksady daşary ýurtlaryň gümrük gulluklarynyň arasynda ma...

DOWAMY