Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hataryna işe täze kabul edilen harby gullukçylara hünär taýýarlygyny üstünlikli geçendikleri barada güwänamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy
2 Iýul
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hataryna işe täze kabul edilen harby gullukçylara hünär taýýarlygyny üstünlikli geçendikleri barada güwänamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň harby-watançylyk terbiýesini güýçlendirmek we hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Mähriban halkymyzyň asuda durmuşynyň goragynda berk duran harby we hukuk goraýjy edaralaryň, şol sand...

DOWAMY
 Russiýa Federasiýasynyň Kaliningrad şäherine iş sapary
2 Iýul
Russiýa Federasiýasynyň Kaliningrad şäherine iş sapary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hukuk we halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy kapitan M.Kakalyýew Russiýa Federasiýasynyň Kaliningrad şäherinde 2016-njy ýylyň 28-nji iýunyndan 1-nji iýuly aralygynda “Strategiki harytlaryň söwdasyna gözegçiligiň çäreleri babatynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 1540 (2004) kararnamasynyň meseleleri boýunça aragatnaşyk nokatlary” ady bilen geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy.

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyk
27 Iýun
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Aziýanyň ösüş bankynyň maslahatçysy – maglumat tehnologiýalar boýunça hünärmeni Konstantin Naumow we söwda ýardam bermek boýunça bilermeni Jurabek Razzokow bilen duşuşdylar. Duşuşygyň barşynda  “CAREC maksatnamasynyň agza ýurtlarynda sebitleýin üstaşyr söwda ýardam bermek” atly sebitleýin tehniki kömek taslamasy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

DOWAMY
Tejribe alyşmak boýunça maslahat
26 Iýun
Tejribe alyşmak boýunça maslahat

Ýewropada we Merkezi Aziýada söwdanyň we bäsdeşlige ukyplylygyň meseleleri boýunça global tejribesi, Bütindünýä bankynyň Topary 2016-njy ýylyň    21-22-nji iýuny aralygynda Gruziýanyň Batumi şäherinde bilermenleriň arasynda tejribe alyşmak boýunça maslahaty geçirdi. Çärä Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň döwlet edaralaryndan 50-ä golaý wekiller, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan S.Gylyçdurdyýew gatnaşdy.     Maslahatyň maksady söwda ýardam etmegiň çygrynda meseleler hakynda maglumat alyşmak üçin forumy döretmekden ybarat.       Gün tertibine laýyklykda, maslahata gatnaşyjylar G...

DOWAMY
Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda geçirilen okuw maslahaty
24 Iýun
Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda geçirilen okuw maslahaty

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri 2016-njy ýylyň 20-22-nji iýuny aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde iş saparynda boldular.  Iş saparynyň maksadyna laýyklykda olar Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we sosial komissiýasynyň gurnan gümrük maglumatlarynyň elektron dolanyşygyny höweslendirmek we elektron habaryň nusgasyny tassyklamak boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar.

DOWAMY
Rigada geçirilen tanyşlyk okuwy
20 Iýun
Rigada geçirilen tanyşlyk okuwy

Aşgabat şäher gümrükhanasynyň gümrük gözegçiligi bölüminiň başlygy kapitan A.Amandurdyýew Latwiýa Respublikasynyň Riga şäherinde 2016-njy ýylyň 14-16-njy iýuny aralygynda geçirilen tanyşlyk okuwyna gatnaşdy. Bu okuwyň maksady BOMCA 9 Maksatnamasynyň çäklerinde serhedi dolandyrmak we serhet howpsuzlygy boýunça serhet edaralarynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek bolup durýar. Tanyşlyk okuwyň barşynda serhedi dolandyrmak babatda Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy iş tejribesi görkezildi.

DOWAMY