Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Gazagystan Respublikasynyň Kuryk portunda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdylar
22 Maý
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Gazagystan Respublikasynyň Kuryk portunda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdylar

Gazagystan Respublikasynyň Kuryk portunda Türkmenistanyň we Gazagystanyň gümrük edaralarynyň işgärleri üçin halkara okuw maslahaty geçiridi. Okuw maslahatynyň maksady harytlaryň we ulag serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak we ýüze çykarmak çygrynda işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak bolup durýar.  Bu okuw maslahat Litwa Respublikasynyň maliýe ministrliginiň gümrük departamentinden bomça maksatnamasynyň bilermeneleri tarapyndan geçirildi.  Türkmenistanyň we Gazagystanyň gümrük we serhet edaralarynyň işgärleri gümrük barlagy üçin gämiler we konteýnerler saýlananda töwekgelçilige ba...

DOWAMY
«Gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşar» atly baýramçylyk dabarasy
7 Maý
«Gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşar» atly baýramçylyk dabarasy

2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli «Gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşar» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Gullugyň harby gullukçylary we Gümrük gullugynyň hatarynda birnäçe ýyl zähmet çekip hormatly dynç alyşa çykan zähmet weteranlary gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler zalym urşuň söweş meýdanlarynda türkmen gerçekleriniň görkezen gahrymançylyklary, tylda galanlaryň zähmet edermenlikleri, olaryň belent watansöýüji...

DOWAMY
Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalarynyň arasynda maglumat alyşmak atly sebitleýin okuw-maslahaty
1 Maý
Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalarynyň arasynda maglumat alyşmak atly sebitleýin okuw-maslahaty

2019-njy ýylyň 1-nji maýynda paýtagtymyzyň Arçabil myhmanasynda Bütindünýä gümrük guramasynyň mümkinçilikleri ösdürmek boýunça Baku şäherindäki sebitleýin merkezi bilen bilelikde Bütindünýä gümrük guramasynyň agzalarynyň arasynda maglumat alyşmak atly sebitleýin okuw-maslahaty öz işine başlady.  Maslahatyň işine gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Bosniýa we Gersogowinanyň, Ukrainanyň, Gruziýanyň hem-de Albaniýanyň gümrük gulluklaryndan wekiller geldiler.  Okuw-maslahatynyň maksady daşary ýurtlaryň gümrük gulluklarynyň arasynda ma...

DOWAMY
«Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde eksport harytlarynyň gümrük amallaryny kämilleşdirmegiň ähmiýeti» atly pudagara okuw-maslahaty
29 Apr
«Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde eksport harytlarynyň gümrük amallaryny kämilleşdirmegiň ähmiýeti» atly pudagara okuw-maslahaty

2019-njy ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde eksport harytlarynyň gümrük amallaryny kämilleşdirmegiň ähmiýeti» atly pudagara okuw-maslahaty  geçirildi. Bu okuw-maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, milli ykdysadyýetimiziň dürli edara guramalarynyň we ministrlikleriniň wekilleri, bu ugurda bilim alýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hususy önüm öndürijiler gatnaşdylar.  Maslahatda çykyş edenler Dö...

DOWAMY
Sebitara bilermenler duşuşygy
24 Apr
Sebitara bilermenler duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň  wekilleri 2019-njy ýylyň 16-18-njy aprelinde Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde «Serhetlerde howpsyzlygy üpjün etmek we daşary ýurtly terrorçylara garşy göreşmek maksady bilen, ýollagçylar barada deslapky maglumaty, ýollagçylaryň hasaba alnan ýazgylaryndan we biometrik maglumatlary toplamak boýunça ulgamyny ulanmak» ady bilen geçirilen Sebitara bilermenler duşuşygyna gatnaşdylar.  Duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Neşeler we Jenaýatçylyk baradaky müdirligi tarapyndan geçirildi.  Duşuşygyň Gün teribine laýyklyda, BMG-niň Baş Assambleýasyn...

DOWAMY
Gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegi boýunça wagyz-nesihat duşuşygy
20 Apr
Gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegi boýunça wagyz-nesihat duşuşygy

2019-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegi boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat işleriniň bilelikdäki Meýilnamasyna laýyklykda guraldy.  Duşuşykda Gümrük gullugynyň işgärler bölüminiň başlygy, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreş bölüminiň işgäri hem-de Baş prokuraturasynyň wekili çykyş etdiler.  Terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat işleri Türkmenistanda gümrük edaralar...

DOWAMY