Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda geçirilen dabaraly çäre
22 Okt
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda geçirilen dabaraly çäre

2016-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynda harby gullukçylaryň birnäçesine döwlet sylaglary gowşuryldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň mejlisler zalynda Gullugyň tapawutlanan harby gullukçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara nobatdaky harby atlaryny dakmak çäresi geçirildi.  Dabaraly çärede döwlet sylaglaryna mynasyp bolan Gullugyň harby g...

DOWAMY
Ikitaraplaýyn duşuşyk
20 Okt
Ikitaraplaýyn duşuşyk

2016-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri bilen Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Maksatnamasynyň (BOMСA 9) ýokary derejeli bilermeni jenap Plamen Tonçew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda, agzalan maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hataryna işe täze kabul edilen harby gullukçylara hünär taýýarlygyny üstünlikli geçendikleri barada güwänamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy
15 Okt
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hataryna işe täze kabul edilen harby gullukçylara hünär taýýarlygyny üstünlikli geçendikleri barada güwänamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy harby gullukçylaryň harby-watançylyk terbiýesini has-da güýçlendirmek we olaryň hünär taýdan taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli we maksada okgunly işleri amala aşyrýar. Şu maksatlar bilen Gullugyň ýanynda hereket edýän Okuw merkezinde Gullugyň hataryna işe täze kabul edilen harby gullukçylar hünär taýýarlygy boýunça başlangyç okuwy geçýärler. Okuw merkeziniň esasy wezipeleri harby gullukçylary watançylyk we öz mukaddes harby borjuna halal gulluk etmek, Türkmenistana, türkmen halkyna we Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur wepalylyk ruhund...

DOWAMY
Dokuz aýyň jemi boýunça ýygnanyşyk
5 Okt
Dokuz aýyň jemi boýunça ýygnanyşyk

2016-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew ýygnanyşyk geçirdi, onda 2016-njy ýylyň geçen dokuz aýynda Gullugyň işiniň jemleri jemlendi, şeýle hem ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlendi. Ýygnanyşygy açyp, polkownik M. Çakyýew onuň gün tertibini yglan etdi we Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016˗njy ýylyň 4-nji oktýabrynda geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny ýygnaga gatnaşýan harby gullukçylaryň dykgatyna ýetirdi. Soňra, Gün...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ABŞ-nyň Ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
3 Okt
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ABŞ-nyň Ilçihanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2016-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Daşary söwda aragatnaşyklar gullugynyň GDA we Gruziýa döwletlerinde intellektual eýeçiligi goramak boýunça sebitleýin wekili jenap Donald Townsend bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň intellektual eýeçiligi goramak ugrundaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ykdysady-söwda bölüminiň ikinji sekretary Dr.Bridjet Buşe we ykdysady-söwda meseleler boýunça kömekçisi Alişer Bazarow g...

DOWAMY
Gümrük gullugynyň türgenleriniň halkara ýaryşlaryndaky nobatdaky ýeňişleri
21 Sen
Gümrük gullugynyň türgenleriniň halkara ýaryşlaryndaky nobatdaky ýeňişleri

Biziň türgenlerimiziň halkara derejesindäki ýaryşda görkezen ýokary netijeleri bizi guwandyrýar. Mälim bolşy ýaly, 3-8-nji sentýabr aralygynda Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary Gülnar Haýtbaýewa we Zöhre Madraimowa Gyrgyzystan Respublikasynda geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda sportuň alyş göreşi boýunça üstünlikli çykyş edip altyn medallaryň eýesi boldular.  Bu ýeňişi üçin türgenlerimize Hormatly Belent Serkerdebaşymyz şa serpaýyny – ýeňil awtoulagyny gowşurdy. Möhüm waka mynasybetli Gullugymyzda şu gün dabaraly çäre geçirilip, ýeňijilerimize hormatly Prezidentimiziň...

DOWAMY