Gümrük habarlary

Rigada geçirilen tanyşlyk okuwy
20 Iýun
Rigada geçirilen tanyşlyk okuwy

Aşgabat şäher gümrükhanasynyň gümrük gözegçiligi bölüminiň başlygy kapitan A.Amandurdyýew Latwiýa Respublikasynyň Riga şäherinde 2016-njy ýylyň 14-16-njy iýuny aralygynda geçirilen tanyşlyk okuwyna gatnaşdy. Bu okuwyň maksady BOMCA 9 Maksatnamasynyň çäklerinde serhedi dolandyrmak we serhet howpsuzlygy boýunça serhet edaralarynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek bolup durýar. Tanyşlyk okuwyň barşynda serhedi dolandyrmak babatda Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy iş tejribesi görkezildi.

DOWAMY
Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak –harby özgertmeleriň möhüm ugry
18 Iýun
Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak –harby özgertmeleriň möhüm ugry

2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan harby talyplaryň gutardyş dabaralary geçirildi. Şeýle çäreler Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby we Harby deňiz insitutlarynda, Serhet institutynda, Milli howpsuzlyk institutynda we Içeri işler ministrliginiň institutynda boldy. Asylly däbe görä, Watanymyza gulluk etmek ýaly mukaddes harby borja girişýän talyplaryň gutardyş dabaralary her ýylda paýtagtymyzyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada geçirilýär. Ol uly ruhubelentlige we ýokary dabarala beslenýär.  Milli Li...

DOWAMY
Ikitaraplaýyn duşuşyk
15 Iýun
Ikitaraplaýyn duşuşyk

2016-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda BMG-niň ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyryjy müdirliginiň Kawkaz, Merkezi Aziýa we Ukraina ýurtlary boýunça Sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy jenap Marsel Wassen hem-de şol edaranyň Gruziýa we Ermenistan döwletleri üçin tebigy betbagtçylyklary duýmak meseleleri boýunça milli maslahatçysy jenap Aşota Sargsýan bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşygyň barşynda taraplar iri göwrümli adatdan daşary ýagdaýyň döwründe güýje giriziljek Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasyndaky Gümrük Ylalaşygyny işläp taýýar...

DOWAMY
Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň halkara bilermeni bilen duşuşyk
13 Iýun
Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň halkara bilermeni bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODC) halkara bilermeni Katerina Stolýarenko bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşygyň maksady ТКМX57 maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine baha bermekden ybarat.

DOWAMY
Gümrük edaralarynyň hasabat ýygnanyşygy
5 Iýun
Gümrük edaralarynyň hasabat ýygnanyşygy

2016-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynyň mejlisler zalynda hasabat ýygnanyşygy geçirildi. Onda şu ýylyň geçen bäş aýynda ýurdumyzyň gümrük edaralarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy. Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew ýygnagy açyp, onuň Gün tertibini gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi, 2016-njy ýylyň bäş aýynyň dowamynda gümrük edaralarynda ýerine ýetirilen işlere syn berdi hem-de Gullugyň ýolbaşçy düzüminiň öňünde gümrük edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we harby gullukçylaryň arasynda tertip-düzgüni has-da pugta...

DOWAMY
Bişkekde sebitleýin duşuşyk geçirildi
30 Maý
Bişkekde sebitleýin duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň konteýnerleri daşamalara gözegçilik etmek baradaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri üçin sebitleýin 3-nji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyk şu ýylyň        25-26-njy maýy aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirildi.  Bu duşuşygyň maksady haryt tapgyrlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin özara herekete gönükdirilýär. Çärä şeýle-de Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň gümrük gulluklaryndan wekiller we halkara hünärmenler gat...

DOWAMY