Gümrük habarlary

Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary bilen dabaraly duşuşyk
2 Maý
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary bilen dabaraly duşuşyk

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda däp bolşy ýaly, 1941-1945-nji ýyllardaky urşunyň weteranlary bilen dabaraly duşuşyk geçirildi.  Dabaraly duşuşyk mynasybetli edaranyň girelge zalynda Türkmenistanyň Çeperçilik Akademiýasynyň fondundan suratlaryň Ýeňiş gününe bagyşlanan sergisi gurnaldy.  Dabarada oňa gatnaşyjylar weteranlaryň uruş barada gürrüňlerini uly gyzyklanma bilen diňlediler. Bu ýörite taýýarlanan baýramçylyk çäresinde Gullugyň aýdym-saz topary watany wasp edýän aýdymlary bilen çykyş etdiler.

DOWAMY
Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek Maksatnamasynyň çäklerindäki sebitleýin 4-nji duşuşygy
2 Maý
Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek Maksatnamasynyň çäklerindäki sebitleýin 4-nji duşuşygy

2017-nji ýylyň 25-26-njy apreli aralygynda Gümrük gullugynyň işgärleri Birleşen Milletler Guramasynyň Neşekeşlige we Jenaýatçylyga garşy göreşmek müdirliginiň we Bütindünýä gümrük guramasynyň konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek Maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen sebitleýin 4-nji duşuşygyna gatnaşdy.     Duşuşyk Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirildi. Oňa Azerbaýjan, Owganystan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan, Özbegistan Gümrük gulluklarynyň wekilleri, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň halkara hünärmenleri we işgärleri gatnaşdylar.    Çä...

DOWAMY
Gümrük kadalary barada wagyz-nesihat çäresi
2 Maý
Gümrük kadalary barada wagyz-nesihat çäresi

Ata Watanymyzyň gümrük serhedinden geçýän raýatlaryň, telekeçileriň, sürüjileriň, şeýle-de ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň gümrük kadalaryny bilmekleri, olary berk berjaý etmekleri üçin, raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirmegiň möhüm ähmiýeti bar.     Şu maksat bilen, gümrükhanalarda we serhetýaka gümrük nokatlarynda şeýle wagyz-nesihat duşuşyklary ýygy-ýygydan geçirilip durulýar. Şeýle duşuşyklaryň biri  ýakynda Balkan welaýat gümrükhanasynda we şol gümrükhananyň “Altyn asyr” we “Garabogaz” gümrük nokatlarynda geçirildi. Bu duşuşyk Gullugymyzyň, Türkmenistanyň Iç...

DOWAMY
«www.terminal.gov.tm» salgyda täze web-saýt işe girizildi
12 Apr
«www.terminal.gov.tm» salgyda täze web-saýt işe girizildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Hojalyk dolandyryş Direksiýasy Merkezi gümrük terminalynyň täze web-saýtynyň işe girizilendigini habar berýär. www.terminal.gov.tm salgydaky bu web-saýt häzirkizaman görnüşe eýe bolup, onuň amatly gözleg ulgamy bar. Saýt üç dilde – türkmen, iňlis we rus dillerinde işleýär. Täze web-saýtyň işe girizilmegi ýurdumyzda hereket edýän gury portlar: Merkezi gümrük terminaly, «Ymamnazar» gury porty - birinji tapgyr hem-de «Sarahs», «Farap» gury portlary tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy ugrundaky öňde duran maksatlar...

DOWAMY
2017-nji ýylyň üç aýynyň jemi boýunça ýygnanyşyk
8 Apr
2017-nji ýylyň üç aýynyň jemi boýunça ýygnanyşyk

2017-nji ýylyň 8-nji aprelinde Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew ýygnanyşyk geçirdi,2017-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi, şeýle hem geljekki ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlendi. Gün tertibine laýyklykda Gümrükhanalaryň we degişli gümrük postlarynyň başlyklary ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler. Ýygnanyşykda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2017-...

DOWAMY
Gaýtadan seredilen Kioto Konwensiýasy babatynda okuw maslahaty
4 Apr
Gaýtadan seredilen Kioto Konwensiýasy babatynda okuw maslahaty

Aziýanyň ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk» (CAREC) maksatnamasynyň söwda ýardam bermek ugrunyň çäklerinde 2017-nji ýylyň 27-31-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde «Gümrük düzgünlerini ýeňilleşdirmek we utgaşdyrmak hakynda Konwensiýa» (gaýtadan seredilen Kioto Konwensiýasy) babatynda okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, şeýle hem Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.    Okuw maslahatynyň esasy maksady Türkmenistanyň ýokarda agzalan Konwensiýa goşulmagynyň ähmiýetini ara alyp maslaha...

DOWAMY