Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi
26 Maý
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi

2016-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Merkezi Aziýada Serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA-9) sebitleýin ýolbaşçysy Raýtis Tiliks, onuň orunbasary Wladimir Zagusows we Ýewropa Bileleşiginiň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk boýunça bölüminiň taslama utgaşdyryjysy Luka Karapelli bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşykda BOMCA-9 Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

DOWAMY
Hasabat ýygnanyşygy
7 Maý
Hasabat ýygnanyşygy

2016-njy ýylyň 7-nji maýynda Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew  ýygnanyşyk geçirdi. Onda Gullukda 2016-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barylan işler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi we öňde duran wajyp meseleler boýunça degişli tabşyryklar berildi.  Ýygnanyşygyň barşynda Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreşmekde we kontrabandanyň öňüni almakda gulluk işinde görkezen aýratyn netijeleri üçin, Ahal welaýat gümrükhanasynyň «Sarahs demirýollary»  gümrük postunyň uly gözegçisi kapitan M.Gur...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýeňiş gününiň hormatyna duşuşyk geçirildi
7 Maý
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýeňiş gününiň hormatyna duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň baýramçylygy mynasybetli uruş weteranlary bilen dabaraly duşuşygy geçirildi.  Beýik Ýeňiş ýaş nesiller bilen frontçy, söweşiji we tylyň zähmetkeşleri bolan nesilleriň arasyndaky bölünmez halka bolup hyzmat edýär. Näçe ýyl geçse-de, çuňňur hoşallyga doly näçe söz aýdylsa-da, biz weteranlaryň öňünde baky bergidardyrys. Olaryň biziň jemgyýetimizde uly üns we yssy mähir bilen gurşalyp alnandygy has möhümdir, olaryň durmuş tejribesi hem-de urşuň alawy gurşalyp alnan ýatlamalary biziň üçin gymmatlydyr.  D...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyk
5 Maý
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri bilen geçirilen duşuşyk

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we onuň edaralarynyň, Konwensiýanyň sekretariatynyň köp sanly bilermenlerinden ybarat bolan wekiliýet Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Bu saparyň maksady Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny ýerine ýetirmegiň meseleleri boýunça Ýewropa sebit maslahatyna hem-de temmäkä garşy göreşmegiň biraýlygyna gatnaşmakdan ybarat.  Saparyň çäklerinde 2016-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri Jean Tesçe we Kostiantyn Krasowsky bil...

DOWAMY
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň harby attaşesi bilen duşuşyk
21 Apr
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň harby attaşesi bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda  Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň harby attaşesi jenap Alişer Rajabow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda iki döwletiň «Farap awtoýollary» (Türkmenistan) – «Alat awtoýollary» (Özbegistan Respublikasy) serhetýaka gümrük postlarynyň iş tertibi bilen bagly meseleler, aýratyn hem, bu gümrük nokatlarynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem gümrük ulgamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça gyzyklanmalar bildirildi.

DOWAMY
 Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Aziýa ösüş bankynyň wekiliýeti bilen duşuşyk
13 Apr
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Aziýa ösüş bankynyň wekiliýeti bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 13-nji aprelinde Döwlet gümrük gullugynda Rajeş Wasudewanyň ýolbaşçylygyndaky Aziýa ösüş bankynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň maksady 2017-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurtlaýyn strategiýasyny taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşmakadan ybarat. Duşuşygyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.  Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege ähli gowulyklary arzuw edip, Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda gatnaşyklaryň işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildir...

DOWAMY