Gümrük habarlary

Şadyýan Täze ýyl dabaralary
30 Dek
Şadyýan Täze ýyl dabaralary

2016-njy ýylyň 30-njy dekabry. Ine, Täze, 2017-nji ýyl ýetip gelýär. Sabyrsyzlyk  bilen garaşylýan bu baýramçylyk aýratyn-da çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şunda tolgundyryjy duşuşyklar bolýar, süýji nygmatlar we garaşylmadyk ýakymly sowgatlar berilýär, munuň özi bu baýramçylyk barada ýakymly ýatlamalary döredýär. Türkmenistanyň ähli künjenklerinde, şäherleriň we obalaryň açyk sahna meýdançalarynda goýlan dürli yşyklar, girlýandlar we oýnawaçlar bilen bezelen ýaşyl arçalaryň ýanynda tanymal artistleriň we çeper höwesjeňleriň toparlarynyň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan tomaşalar...

DOWAMY
«Rapiscan Systems» zawodynda geçirilen okuw
29 Dek
«Rapiscan Systems» zawodynda geçirilen okuw

Rapiscan Systems kompaniýasy gümrük gözegçilik enjamlaryny öndürmek, ýerlemek we olaryň tehniki hyzmatyny berjaý etmek boýunça dünýä bazarynda lider bolup durýar. Bu günki gün bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň iň iri we ösen döwletleri tarapyndan ulanylýar.         2016-njy ýylyň 14-22-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan 10 sany harby gullukçylar Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynda «Rapiscan Systems» zawodynda okuw kursuny geçdiler. Okuw kursy demir ýol wagonlaryň we konteýnerleriň gümrük gözegçiligini amala aşyrmak üçin rentgen-tel...

DOWAMY
Türkmenistanyň gümrük serhedinden ýük daşamalaryny amala aşyrýan ýük awtoulag serişdeleriniň sürüjileriniň dykgatyna
28 Dek
Türkmenistanyň gümrük serhedinden ýük daşamalaryny amala aşyrýan ýük awtoulag serişdeleriniň sürüjileriniň dykgatyna

Hormatly sürüjiler! 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň çägine ýük getirýän we bu çäkden ýük alyp gidýän hem-de Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän, halkara gatnawy boýunça ýük daşaýan ýükli ýa-da ýüksiz awtoulag serişdeleriniň ählisi babatda awtoulag serişdeleriniň geoýerleşişini anyklaýan ulgamyň enjamyny ulanmak çäresi girizilýär.      Şu bilen bagly, awtoulag serişdeleriniň geoýerleşişini anyklaýan ulgamyň enjamlarynyň ulanylmagy bilen edilen hyzmat üçin her awtoulag serişdesine 10 (on) amerikan dollary möçberinde töleg bellenilip bu tölegi daşary ýurt döwletleriniň...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
10 Dek
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda 2016-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabat şäheriniň Medeniýet merkezi bilen bilelikde gurnalan Bitaraplygymyzyň 21 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa Gullugyň şahsy düzümi gatnaşdy we myhman hökmünde Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa çagyryldy. Dabarada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň aýdym-saz topary       hem-de Aşgabat şäheriniň Medeniýet merkeziniň aýdymçylary ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, Garaşsyzlygymyzy, Bitaraplygymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini wasp edýän aýdymlary bilen çykyş etdiler. Şatlyk-şowhuna...

DOWAMY
On bir aýyň jemi boýunça ýygnanyşyk
3 Dek
On bir aýyň jemi boýunça ýygnanyşyk

2016-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew ýygnanyşyk geçirdi, onda 2016-njy ýylyň geçen on bir aýynda Gullugyň işiniň jemleri jemlendi, şeýle hem ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlendi. Gün tertibine laýyklykda Gullugyň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler.  Mälim bolşy ýaly şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzda halkara ähmiýetli möhüm wakalaryň birnäçesi bolup geçdi. Şol wakalaryň biri «Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan)» Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň...

DOWAMY
Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň başlygy bilen geçirilen duşuşyk
28 Noý
Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň başlygy bilen geçirilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň başlygy hanym Aşita Mittal bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berip, bu iri halkara guramasynyň neşeleriň bikanun dolanyşygy boýunça maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen...

DOWAMY