Gümrük habarlary

Bişkekde sebitleýin duşuşyk geçirildi
30 Maý
Bişkekde sebitleýin duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň konteýnerleri daşamalara gözegçilik etmek baradaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri üçin sebitleýin 3-nji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyk şu ýylyň        25-26-njy maýy aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirildi.  Bu duşuşygyň maksady haryt tapgyrlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin özara herekete gönükdirilýär. Çärä şeýle-de Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň gümrük gulluklaryndan wekiller we halkara hünärmenler gat...

DOWAMY
Türkiýe Respublikasynda «Temmäkä garşy göreşmek boýunça Türkiýäniň tejribesi» atly okuw çäresi
29 Maý
Türkiýe Respublikasynda «Temmäkä garşy göreşmek boýunça Türkiýäniň tejribesi» atly okuw çäresi

2016-njy ýylyň 23-27-nji maýy aralygynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan guralan Türkiýäniň Ankara şäherinde «Temmäkä garşy göreşmek boýunça Türkiýäniň tejribesi» atly okuw çäresi geçirildi.  Bu okuw çäresine gatnaşan Türkmenistanyň wekiliýeti iki topardan ybarat boldy. Çilim çekmegi ret etmek boýunça lukmançylyk-maslahat beriş hyzmatlaryny ösdürmek boýunça topar we temmäki önümleriniň getirilmegi we söwdasy babatda kadalaryň berjaý edilmegi we berkidilmegi, şeýle hem ilatyň arasynda temmäkini sarp edilmegini azaltmagyň usullary boýunça topar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullu...

DOWAMY
Wenadaky halkara maslahat
28 Maý
Wenadaky halkara maslahat

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hukuk we halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy kapitan M.Kakalyýew Awstriýanyň Wena şäherinde 2016-njy ýylyň 18-20-nji maýy aralygynda “Strategiki harytlaryň söwdasyna gözegçiligiň çäreleri babatynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 1540 (2004) kararnamasynyň kadalaşdyryjy hukuk talaplary” ady bilen geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy. Okuw maslahatynyň esasy maksatlarynyň biri eksporta gözegçilik etmegiň netijeli ulgamynyň möhüm ugurlary, şol sanda ygtyýarlylandyryş amallary we serhetýaka gözegçiligi barada habarlylygyň derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat...

DOWAMY
Bütindünýä gümrük gurama agza döwletleriniň gümrük gulluklarynyň ýolbaçylarynyň nobatdaky maslahaty
28 Maý
Bütindünýä gümrük gurama agza döwletleriniň gümrük gulluklarynyň ýolbaçylarynyň nobatdaky maslahaty

Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2016-njy ýylyň 19-20-nji maýynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Bütindünýä gümrük gurama agza döwletleriniň gümrük gulluklarynyň ýolbaçylarynyň nobatdaky maslahatyna gatnaşdy. Maslahatyň maksady agzalan guramanyň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi
26 Maý
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi

2016-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Merkezi Aziýada Serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA-9) sebitleýin ýolbaşçysy Raýtis Tiliks, onuň orunbasary Wladimir Zagusows we Ýewropa Bileleşiginiň Gyrgyzystan Respublikasyndaky Wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk boýunça bölüminiň taslama utgaşdyryjysy Luka Karapelli bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşykda BOMCA-9 Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

DOWAMY
Hasabat ýygnanyşygy
7 Maý
Hasabat ýygnanyşygy

2016-njy ýylyň 7-nji maýynda Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew  ýygnanyşyk geçirdi. Onda Gullukda 2016-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barylan işler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi we öňde duran wajyp meseleler boýunça degişli tabşyryklar berildi.  Ýygnanyşygyň barşynda Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny goramakda, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreşmekde we kontrabandanyň öňüni almakda gulluk işinde görkezen aýratyn netijeleri üçin, Ahal welaýat gümrükhanasynyň «Sarahs demirýollary»  gümrük postunyň uly gözegçisi kapitan M.Gur...

DOWAMY