Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy kemala getirilýär.
12 Ýan
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy kemala getirilýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk etmek barada taslamalaýyn Ylalaşyga gol çekildi we ol güýje girdi.     Bu Ylalaşygyň baglaşylmagy Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzda Döwlet gümrük gullugynyň maddy- enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we gümrük edaralarynyň ýeke-täk awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyny döretmek barada berýän taýsyz goldawy netijesinde amala aşyryldy.      Gümrük amallaryn...

DOWAMY
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň söwda attaşesi bilen duşuşyk geçirildi
12 Ýan
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň söwda attaşesi bilen duşuşyk geçirildi

2017-nji ýylyň 12-nji ýanwary. Şu gün Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň söwda attaşesi jenap Rahmatolla Hormaliniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.      Duşuşykda iki ýurduň söwda gatnaşyklary bilen bagly hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

DOWAMY
Ýylyň jemi boýunça ýygnanyşyk
10 Ýan
Ýylyň jemi boýunça ýygnanyşyk

2017-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew ýygnanyşyk geçirdi, onda geçen 2016-njy ýylda Gullugyň işiniň jemleri jemlendi, şeýle hem 2017-nji ýyl üçin ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlendi.      Gün tertibine laýyklykda Gümrükhanalaryň we degişli gümrük postlarynyň başlyklary ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler.      Ýygnanyşygyň barşynda işinde oňat netijeleri görkezen harby gullukçylary Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy boldy.

DOWAMY
Gümrükçileriň hünär taýýarlygy
6 Ýan
Gümrükçileriň hünär taýýarlygy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy işe kabul edilýän ýaş hünärmenlere hünär taýýarlygyny geçmek meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Gümrük edaralary üçin ýokary düzgün-nyzamly, ökde hünärli, ylmyň iň soňky gazanan tehnikalaryndan oňat baş çykarýan, kämil gümrük işgärlerini taýýarlamaga gönükdirilen wezipeler Gullugyň ýanyndaky Okuw merkezinde üstünlikli ýerine ýetirilýär.  Bu ýerde hünär taýýarlygyny geçen ýaş hünärmenler işe ugrukdyrylýar.      Häzirki wagtda hem işe kabul edilen ýaşlaryň 29-sy hünär okuwyny geçýär. Bu okuw kursy 2 aý dowam edýär.Okuw kursunyň dowamynda harby gullukçylara w...

DOWAMY
Şadyýan Täze ýyl dabaralary
30 Dek
Şadyýan Täze ýyl dabaralary

2016-njy ýylyň 30-njy dekabry. Ine, Täze, 2017-nji ýyl ýetip gelýär. Sabyrsyzlyk  bilen garaşylýan bu baýramçylyk aýratyn-da çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şunda tolgundyryjy duşuşyklar bolýar, süýji nygmatlar we garaşylmadyk ýakymly sowgatlar berilýär, munuň özi bu baýramçylyk barada ýakymly ýatlamalary döredýär. Türkmenistanyň ähli künjenklerinde, şäherleriň we obalaryň açyk sahna meýdançalarynda goýlan dürli yşyklar, girlýandlar we oýnawaçlar bilen bezelen ýaşyl arçalaryň ýanynda tanymal artistleriň we çeper höwesjeňleriň toparlarynyň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan tomaşalar...

DOWAMY
«Rapiscan Systems» zawodynda geçirilen okuw
29 Dek
«Rapiscan Systems» zawodynda geçirilen okuw

Rapiscan Systems kompaniýasy gümrük gözegçilik enjamlaryny öndürmek, ýerlemek we olaryň tehniki hyzmatyny berjaý etmek boýunça dünýä bazarynda lider bolup durýar. Bu günki gün bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň iň iri we ösen döwletleri tarapyndan ulanylýar.         2016-njy ýylyň 14-22-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan 10 sany harby gullukçylar Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynda «Rapiscan Systems» zawodynda okuw kursuny geçdiler. Okuw kursy demir ýol wagonlaryň we konteýnerleriň gümrük gözegçiligini amala aşyrmak üçin rentgen-tel...

DOWAMY