Gümrük habarlary

Ikitaraplaýyn duşuşyk
15 Iýun
Ikitaraplaýyn duşuşyk

2016-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda BMG-niň ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyryjy müdirliginiň Kawkaz, Merkezi Aziýa we Ukraina ýurtlary boýunça Sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy jenap Marsel Wassen hem-de şol edaranyň Gruziýa we Ermenistan döwletleri üçin tebigy betbagtçylyklary duýmak meseleleri boýunça milli maslahatçysy jenap Aşota Sargsýan bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşygyň barşynda taraplar iri göwrümli adatdan daşary ýagdaýyň döwründe güýje giriziljek Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasyndaky Gümrük Ylalaşygyny işläp taýýar...

DOWAMY
Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň halkara bilermeni bilen duşuşyk
13 Iýun
Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň halkara bilermeni bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODC) halkara bilermeni Katerina Stolýarenko bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşygyň maksady ТКМX57 maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine baha bermekden ybarat.

DOWAMY
Gümrük edaralarynyň hasabat ýygnanyşygy
5 Iýun
Gümrük edaralarynyň hasabat ýygnanyşygy

2016-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynyň mejlisler zalynda hasabat ýygnanyşygy geçirildi. Onda şu ýylyň geçen bäş aýynda ýurdumyzyň gümrük edaralarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy. Gullugyň başlygy polkownik M.Çakyýew ýygnagy açyp, onuň Gün tertibini gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdi, 2016-njy ýylyň bäş aýynyň dowamynda gümrük edaralarynda ýerine ýetirilen işlere syn berdi hem-de Gullugyň ýolbaşçy düzüminiň öňünde gümrük edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we harby gullukçylaryň arasynda tertip-düzgüni has-da pugta...

DOWAMY
Bişkekde sebitleýin duşuşyk geçirildi
30 Maý
Bişkekde sebitleýin duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň konteýnerleri daşamalara gözegçilik etmek baradaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri üçin sebitleýin 3-nji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyk şu ýylyň        25-26-njy maýy aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirildi.  Bu duşuşygyň maksady haryt tapgyrlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin özara herekete gönükdirilýär. Çärä şeýle-de Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň gümrük gulluklaryndan wekiller we halkara hünärmenler gat...

DOWAMY
Türkiýe Respublikasynda «Temmäkä garşy göreşmek boýunça Türkiýäniň tejribesi» atly okuw çäresi
29 Maý
Türkiýe Respublikasynda «Temmäkä garşy göreşmek boýunça Türkiýäniň tejribesi» atly okuw çäresi

2016-njy ýylyň 23-27-nji maýy aralygynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan guralan Türkiýäniň Ankara şäherinde «Temmäkä garşy göreşmek boýunça Türkiýäniň tejribesi» atly okuw çäresi geçirildi.  Bu okuw çäresine gatnaşan Türkmenistanyň wekiliýeti iki topardan ybarat boldy. Çilim çekmegi ret etmek boýunça lukmançylyk-maslahat beriş hyzmatlaryny ösdürmek boýunça topar we temmäki önümleriniň getirilmegi we söwdasy babatda kadalaryň berjaý edilmegi we berkidilmegi, şeýle hem ilatyň arasynda temmäkini sarp edilmegini azaltmagyň usullary boýunça topar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullu...

DOWAMY
Wenadaky halkara maslahat
28 Maý
Wenadaky halkara maslahat

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hukuk we halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy kapitan M.Kakalyýew Awstriýanyň Wena şäherinde 2016-njy ýylyň 18-20-nji maýy aralygynda “Strategiki harytlaryň söwdasyna gözegçiligiň çäreleri babatynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 1540 (2004) kararnamasynyň kadalaşdyryjy hukuk talaplary” ady bilen geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy. Okuw maslahatynyň esasy maksatlarynyň biri eksporta gözegçilik etmegiň netijeli ulgamynyň möhüm ugurlary, şol sanda ygtyýarlylandyryş amallary we serhetýaka gözegçiligi barada habarlylygyň derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat...

DOWAMY