Gümrük habarlary

«Ozon dargadyjy maddalaryň bikanun ýurda getirilmegine we ýurtdan çykarylmagyna ýol bermezligiň häzirki zaman usullary boýunça» atly okuw çäresi
19 Apr
«Ozon dargadyjy maddalaryň bikanun ýurda getirilmegine we ýurtdan çykarylmagyna ýol bermezligiň häzirki zaman usullary boýunça» atly okuw çäresi

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa meselelerini aradan aýyrmak we gözel tebigatymyzy geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda birnäçe tagallalar edilýär. Howa şertleriniň üýtgemegi bilen ýüze çykýan hadysalar, şol sanda ozon gatlagyny goramak bilen bagly meseleler dogrusynda yzygiderli ylmy duşuşyklar geçirilýär, halkara şertnamalary baglaşylýar. Mälim bolşy ýaly, beýleki himiki maddalardan tapawutlylykda ozon dargadyjy maddalar atmosfera düşen halatynda Ýeriň ozon gatlagyny zaýalaýar. Şol sebäpden bu maddalaryň söwdas...

DOWAMY
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Halkara pul gaznasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi
18 Apr
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Halkara pul gaznasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda töleg balansynyň düzülişini kämilleşdirmek meselesi boýunça  Halkara pul gaznasynyň wekili hanym Tatýana Gafurowa bilen duşuşyk boldy.  Duşuşyga Merkezi bankyň işgärleri hem gatnaşdy. Duşuşykda gümrük töleglerini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary, Merkezi banka berilýän gümrük statistiki maglumatlar barada gürrüň açyldy.   Duşuşyga gatnaşyjylar özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek barada gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

DOWAMY
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET GÜMRÜK GULLUGYNYŇ BAŞLYGYNYŇ BUÝRUGY BILEN HARYTLAR DEMIR ÝOL ULAG SERIŞDELERINDE DAŞALANDA IÇERKI GÜMRÜK ÜSTAŞYRYNYŇ AŇRYÇÄK MÖHLETI BELLENILDI
9 Apr
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET GÜMRÜK GULLUGYNYŇ BAŞLYGYNYŇ BUÝRUGY BILEN HARYTLAR DEMIR ÝOL ULAG SERIŞDELERINDE DAŞALANDA IÇERKI GÜMRÜK ÜSTAŞYRYNYŇ AŇRYÇÄK MÖHLETI BELLENILDI

Harytlar demir ýol ulag serişdelerinde daşalanda içerki gümrük üstaşyrynyň aňryçäk möhletini içerki gümrük üstaşyryna rugsat alnan gününden şu aýratyn halatlarda ýigrimi gün diýip bellenildi: harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilende, serhetleşýän goňşy döwletiň kabul edip ýetişmeýändigi ýa-da deňiz gämileriniň daşap ýetişmeýändigi sebäpli demir ýol ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň serhetýaka demir ýol bekedinde kadadan artyk toplanan ýagdaýlarynda; harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine getirilende, ýük alyjynyň düşürip ýetişmeýändigi sebäpli, demir ýol ulag serişdeleriniň ba...

DOWAMY
“Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyny tanyşdyryş dabarasy
5 Mar
“Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyny tanyşdyryş dabarasy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň köpugurly işine bagyşlanan “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli dabara geçirildi.      Dabara Gullugyň merkezi edarasynyň, Aşgabat şäher we Ahal welaýat gümrükhanalarynyň şahsy düzümi, şeýle hem hormatly myhmanlar gatnaşdy.     “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitaby ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary görkezijiler sportuny wagyz etmek baradaky syýasata bagyşlanýar.     Täze eserde sagd...

DOWAMY
Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäre
3 Mar
Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäre

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň mejlisler zalynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabara boldy. Onda gullugymyzyň gelin-gyzlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çäre hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda geçiridi.  Dabarada zenanlaryň adyna iň gowy arzuwlar hem-de gutlag sözleri aýdyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasaty döredilýän täze durmuş hem-de ykdysady şertlerde zenanlarymyzyň diňe bir maşgala ojagyny goraýjylar bolman, eýsem, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-sy...

DOWAMY
«ASYCUDA World» ulgamyny ornaşdyrmak bilen bagly meseleler boýunça ikitaraplaýyn duşuşyk
26 Few
«ASYCUDA World» ulgamyny ornaşdyrmak bilen bagly meseleler boýunça ikitaraplaýyn duşuşyk

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Dmitriý Godunow bilen duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly,  Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekildi. Bu Ylalaşygyň öňde goýan maksady ýurdumyzda gümrük amallarynyň awtomatlaşdyrylmagynyň utgaşdyrylma...

DOWAMY